“Öten geçenleri ýatlap!”

Türkmen halky Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli däpleri mynasyp dowam edýär. Her ýyl 6-njy oktýabrda Hatyra gününde çuňňur hasrat bilen Aşgabat ýer titremesiniň şehitleri, Gökdepe galasyny gaýduwsyz goraýjylary hem-de 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň gahrymanlary ýatlanylýar. Şeýle pajygaly hadysalaryň bolmazlygyny diläp, bütin türkmen halky ýagşy dogalary edýärler. Türkmen halkynyň asuda, parahat asmanyň astynda ýaşamagy üçin Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz ähli mümkinçilikleri döredýär.

1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň agyr külpetlerini gerdeninde çeken halkymyz üçin bu hadysa iň pajygaly wakalaryň biri boldy. Esgerlerimiziň müňlerçesi gaýratlylygyň we Watansöýüjiligiň, halkymyzyň niýetiniň, maksada okgunlylygynyň hem-de ynsanperwerliginiň beýik mekdebini görkezip, front ýollaryny geçdiler. Olaryň köpüsi deňsiz-taýsyz batyrgaýlyklary hem-de gahrymançylyklary bilen Beýik Ýeňşiň senenamasyna şöhratly sahypalary ýazyp, Gahryman diýen beýik ada, ordenlere we medallara mynasyp boldular. Şol döwürlerden bäri onlarça ýyl geçen häzirki zamanada hem şol ýyllaryň gahrymançylykly taryhy kalplarymyzda gyzgyn seslenme bolup ýaňlanýar. Biz öz ildeşlerimize bolan buýsanç duýgularyna gaplanyp, olaryň ölmez-ýitmez edermenlikleriniň öňünde baş egýäris.

Ine, şu gün Hatyra gününe bagyşlanyp Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde hem sergi gurnaldy. Sergide halypa suratkeşleriň Ýakup Annanurowyň “Gökdepe bosgunlary”, Saparmammet Meredowyň “Amangeldi Gönibek”, Annamämmet Hojanyýazowyň “Betbagtçylyk”, Allamyrat Muhammedowyň “Ýatlama” atly nakgaş eserleri, şeýle hem heýkeltaraşlar Magtymguly Nurymowyň “Ýer titreme”, Muhammet Ýuzbaşewyň “Garaşma”, Alekseý Şetininiň “Ýeňiş ady bilen at we gylyç” atly heýkel eserleri hem pajygaly hadysalary suratlandyrýar.

Goý, türkmen topragynda hemişe asudalyk we abadançylyk, agzybirlik we jebislik höküm   sürsün!

Şehit bolan watandaşlarymyz hakyndaky ýagşy ýatlamalar biziň kalbymyzda baky ýaşasyn!

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    02.12.2022                    

Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredowyň Hojamuhammet Meredowyň döredijilik sergisi

               

                             


                    30.11.2022                    

Muzeý gaznasynyň baýlaşmagyna halypanyň goşandy

               

                             


                    28.11.2022                    

“Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly we maslahaty