Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Annadurdy Myradalyýewyň, Kössekmyrat Nurmyradowyň we Türkmenistanyň halk suratkeşi heýkeltaraş Sylap Hudaýberdiýewiň döredijilik sergisi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzyň sungaty Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan uly ähmiýetli syýasatlary netijesinde günsaýyn ösýär. Toýdyr dabaralara beslenen Diýarymyzda geçirilýän çäreleriň hem sany artýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurdumyzyň şekillendiriş sungatyny özboluşly döredijilik ýoly bilen baýlaşdyran suratkeşler Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Annadurdy Myradalyýewiň 70 ýyllygy, Kössekmyrat Nurmyradowyň 70 ýyllygy we Türkmenistanyň halk suratkeşi Sylap Hudaýberdiýewiň 81 ýyllygy mynasybetli ýatlama sergisi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredow, Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Göwher Saparmyradowa çykyş etdiler we serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. 
Häzirki günde şekillendiriş sungaty nusgawy şahsyýetleriň döreden ajaýyp eserleri bilen has-da beýik derejelere ýetdi. Suratkeşler, heýkeltaraşlar mizemez sungaty bize miras goýdylar. Sergä gatnaşan myhmanlar nusgawy eserleri döreden suratkeşleri ýatlap, döredijilik sergisini gurnamakda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlar aýtdylar.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    02.12.2022                    

Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredowyň Hojamuhammet Meredowyň döredijilik sergisi

               

                             


                    30.11.2022                    

Muzeý gaznasynyň baýlaşmagyna halypanyň goşandy

               

                             


                    28.11.2022                    

“Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly we maslahaty