“Medeni syýasat”atly tegelek stol ýazgysy

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde tegelek stol ýazgysy geçirildi. ÝazgaTürkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň sahna ussady Türkmenistanyň halk artisti Baýram Kerimow,  Türkmenistanyň milli geňeşiniň Halk maslahatynyň agzasy Aýgözel Nurlyýewa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň baş hünärmeni Aýgül Bekmiýewa gatnaşdylar. Gepleşigi “Altyn asyr” teleýaýlymynyň redaktory Döwran Joraýew alyp bardy we “Altyn asyr Türkmenistan” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Ýazgyda milli mirasymyz, jemgyýetiň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegini, türkmen halkynyň gadymy medeni mirasy, ruhy gymmatlyklary asyrlaryň uzak heňňamlarynyň dowamynda barha baýlaşyp, kämilleşip gelýändigini, häzirki wagtda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan, olaryň gadymy nusgalaryny geljekki nesillere ýetirmek babatynda söhbetdeşlik geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwletimizde türkmeniň ata-babasyndan gaýdýan däp-dessury dowamaty dowam bolýar. Halkynyň bolelinlikde, parahat durmuşda ýaşamagy, milli däp-dessurlarymyzyň nesilden-nesle geçmegi üçin alada edýän Hormatly Prezidentimiziň adyna müň kerem alkyş sözlerini aýdýarys.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    02.12.2022                    

Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredowyň Hojamuhammet Meredowyň döredijilik sergisi

               

                             


                    30.11.2022                    

Muzeý gaznasynyň baýlaşmagyna halypanyň goşandy

               

                             


                    28.11.2022                    

“Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly we maslahaty