“Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly we maslahaty

Türkmenistan döwletimizde halkara derejesindäki medeni forumlar, sergiler, festiwallar yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar. Festiwallaryň, forumlaryň, sergileriň geçirilmegi, dostlukly halklaryň medeniýetiniň, sungatynyň döredijiliginiň gülläp ösmegine, täze üstünliklere, belent sepgitlere ýetmegine giň ýollar açylýar. Halkymyzyň milli däp-dessurlarynda mäkäm orun alan dost-doganlyk gatnaşyklaryny aýdyň şöhlelendirýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly we maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Festiwalyň başynda Hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagy okaldy. Festiwalyň çäklerinde Mukamlar köşgüniň girelgesinde  Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergisi gurnaldy. Sergide halypa, ussat suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň A.Ataýewiň “Gopuzçy gyz”, Ý.Grişiniň “Aşgabat natýurmorty”, Ç.Öwwäýewiň “Gulbabanyň portreti”, A.Hajyýewiň “Parahat zeminde bagtlylyk”, A.Taganowyň “Şarlawuk” atly eserleri sergilendi.  Festiwalyň açylyş dabarsyna gatnaşan myhmanlar şu ýakymly mümkinçiliklerden peýdalanyp, Hormatly Prezidentimize  tüýs ýürekden sag bolsunlar aýtdylar. 

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    10.12.2022                    

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň diologynyň jemleýji maslahaty

               

                             


                    07.12.2022                    

Göçme sergi

               

                             


                    07.12.2022                    

“Bitarap ýurdum Türkmenistan”

               

                             


                    07.12.2022                    

“Eziz Watan parahatlyk merkezi” atly sergi