Muzeý gaznasynyň baýlaşmagyna halypanyň goşandy

Türkmenistanyň Çeperçilik sergi müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary Käkilik Öwezberdiýewa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary Polat Garryýew, Azat Annaýew, Jeren Baltaýewa we şol ýokary okuw mekdebiniň ýaş mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Duşuşykda halypanyň döredilik ýoly, gaýtalanmajak eserleri, halypa-şagirtlik işinde bitiren hyzmatlary dogrusynda gyzykly söhbetler edildi. Ýaňy-ýakynda ussat halypanyň 85 ýaş toýy mynasybetli uly döredijilik sergisi gurnaldy. Annadurdy Almämmedow öz döredijiliginde köplenç gülälekleri şekillendirýär. Bu güller çagalykdan suratkeşiň ýüreginde orun tutupdyr, şonuň üçinem olar wagtal-wagtal onuň suratlarynda peýda bolýar. Olar meýdan gülleri bolsa-da, öz gözelliginiň taýsyzlygyna ynamly güller. Sergide görkezilýän gülälekler çekilen uly panno nakgaşyň dogduk iliniň baýyrlaryna ýazylan bahar halysynyň bir bölegini ýada salýar.
Döredijilik duşuşygynda Türkmenistanyň halk suratkeşi ussat halypamyz Annadurdy Allmämmedow eserleriniň aglaba bölegini Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine sowgat berdi. Bu bolsa muzeý gaznasynyň baýlaşmagyna halypanyň uly goşandydyr. Ussat suratkeşiň muzeýe sowgat beren gaýtalanmajak sungat eserleri ýaş nesiller üçin hem terbiýe mekdebi bolar. Duşuşygy «Altyn Asyr» teleýaýlymy ýazgy etdi.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    10.12.2022                    

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň diologynyň jemleýji maslahaty

               

                             


                    07.12.2022                    

Göçme sergi

               

                             


                    07.12.2022                    

“Bitarap ýurdum Türkmenistan”

               

                             


                    07.12.2022                    

“Eziz Watan parahatlyk merkezi” atly sergi