“Eziz Watan parahatlyk merkezi” atly sergi

Baky Bitarap Watanymyz birnäçe ýyllaryň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda agzybir türkmen halkymyzyň goldawyna mynasyp bolan içeri we daşary syýasatyny,  bäş müň ýyllyk taryhy bilen baý türkmen halkymyzyň däp-dessurlaryny öwrenip, dikeltmekde, milli medeni mirasymyzy öwrenip wagyz etmekde uly işler amala aşyryldy. Dünýä ýüzündäki beýleki halklar bilen ýurdumyzyň medeni gatnaşyklary dünýä giňişliklerine ýaýrady. Her ýylyň 12-nji dekabrynda Baky Bitaraplygymyzyň baýramy diýarymyzyň ähli künjeklerinde uly dabara bilen bellenilip geçirilýär.

Türkmenistanyň Beýik  Saparmyrat  Türkmenbaşy adyndaky  Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem Baky Bitaraplygymyzyň baýramçylygy mynasybetli “Eziz Watan parahatlyk merkezi” atly sergi gurnalyp tomaşaçylara hödürlendi. Sergä Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň Türkmenistanyň at gazanan  artisti Atamyrat Ataýew, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölüminiň esasy kitaphanaçysy Akjemal Saparowa gatnaşdy.Sergide halypa suratkeşleriň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmen döwlet çeperçilik mekdebiniň halypa mugallymlarynyň şeýle hem talyp ýaşlarynyň eserleri görkezildi. Häzirki günde Hormatly Prezidentimiziň halkymyz üçin döredip berýän mümkinçilikleri esasynda ýurdumyz gülläp ösýär. Bitaraplyk baýramy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimizi, ähli türkmen halkyny Bitaraplyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    10.12.2022                    

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň diologynyň jemleýji maslahaty

               

                             


                    07.12.2022                    

Göçme sergi

               

                             


                    07.12.2022                    

“Bitarap ýurdum Türkmenistan”

               

                             


                    07.12.2022                    

“Eziz Watan parahatlyk merkezi” atly sergi