“Bitarap ýurdum Türkmenistan”

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň  Baky  Bitaraplygynyň  27  ýyllyk  toýy  mynasybetli “Bitarap ýurdum Türkmenistan” atly maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň daşary işleri ministrliginiň halkara gatnaşyklary inistitutynyň mugallymy Merjen Durdyýewa,Türkmenistanyň Milli geňeşiniň mejlisiniň deputaty, mejlisiň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy Meňli Diwanowa, Türkmenistanyň Milli geňeşiniň halk maslahatynyň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy Aýgözel Nurlyýewa çykyş etdiler. Maslahat  “Altyn asyr ” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Ýazgyda ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyzlyk eýýamyny gelmegi halkymyzyň başyny göge ýetirdi, Bitaraplyk bolsa köňül arzuwyny gülletdi. Garaşsyz hemişelik ýurdumyz  ylalaşygy, parahatçylygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrüldi. Türkmenistan beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, birek-birege ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda gatnaşygyny ösdürýär we köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar diýip bellenildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berýändigi dogrusynda bellenip geçildi. Gepleşige gatnaşan myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriň  uzak bolmagyny arzuw etdiler.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    10.12.2022                    

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň diologynyň jemleýji maslahaty

               

                             


                    07.12.2022                    

Göçme sergi

               

                             


                    07.12.2022                    

“Bitarap ýurdum Türkmenistan”

               

                             


                    07.12.2022                    

“Eziz Watan parahatlyk merkezi” atly sergi