Göçme sergi

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdaryrmyzyň  Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Türkmen halkyň, döwletiň ykbalynda ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi muzeýiň gymmatlyklaryndan düzülen nakgaş, amaly-haşam,  keramika eserlerinden düzülen göçme sergini  gurnady. Ýurdumyzyň ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän, halkymyzyň hal-ýagdaýyny barha gowlandyrmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň elmydama janlary sag, belent başlary aman bolsun! Alyp barýan beýik işleri diňe rowaçlyklara beslensin.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    10.12.2022                    

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň diologynyň jemleýji maslahaty

               

                             


                    07.12.2022                    

Göçme sergi

               

                             


                    07.12.2022                    

“Bitarap ýurdum Türkmenistan”

               

                             


                    07.12.2022                    

“Eziz Watan parahatlyk merkezi” atly sergi