Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň diologynyň jemleýji maslahaty

Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Diologynyň ýyllyk jemleýji maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäklerinde  Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi özüniň göçme sergisini gurnady. Forumyň öň ýanynda myhmanlar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Diologyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar. Sergide halypa ussat suratkeşler A.Annanurowyň “Ussat zenan”, S.Hojagulyýewanyň “Keçeçiler”, A.Hajyýewiň “Parahat zeminde”, keramikaçylar A.Taganowyň “Gül”, M.Ataýewanyň  “Hereket”, sowgatlyk – saz guraly “Tar”, sowgatlyk – gargy tüýdük ýaly birnäçe ajaýyp eserler sergilendi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň diologyna gatnaşan myhmanlar Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

             
                            
               

                2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat şäheriniň merkezinde Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň adyny göterýän Şekillendiriş sungaty muzeýi dabaraly ýagdaýda açylýar. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 sany bölüm ýerleşdirilen. Muzeýiň sergisi düzülip, onda şekillendiriş sungatynyň ajaýyp görnüşleri, ýagny - nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, amaly-haşam sungaty, şeýle-de daşary ýurt sungaty - XVII-XX asyrlarda ýerine ýetirilen Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Indiýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň suratkeşleriniň eserleri görkezilýär. Ýurdumyzyň çäginde bolup geçen beýik siwilizasiýalar: Altyndepe, Parfiýa, Marguş şalyklary, şeýle-hem Änew medeniýeti biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, gorap, saklap türkmen halkynyň gadymylygyny, müdimligini tassyklap subut edipdirler. Şol ösen medeniýetimizden galan arheologik tapyndylar türkmen halkynyň gadymy şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýar.                   

             
 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



                    10.12.2022                    

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň diologynyň jemleýji maslahaty

               

                             


                    07.12.2022                    

Göçme sergi

               

                             


                    07.12.2022                    

“Bitarap ýurdum Türkmenistan”

               

                             


                    07.12.2022                    

“Eziz Watan parahatlyk merkezi” atly sergi