• Muzeýiň “Gadymy sungat” zalynda Marguşdan, Köne we Täze Nusaýdan, Ýylgynly depeden, hem-de Meleheýran ýadygärliginden tapylan tapyndylar ýurdumyzda şekillendiriş sungatynyň iň bir ajaýyp nusgalarynyň hatarynda durýar. Täze tapylan muzeý gymmatlyklary türkmen halkynyň gadymy medeni mirasyny we onuň swilizasiýasyny tassyklaýan hem-de umumy adamzat jemgyýetiniň aňyýetini-medeniýetini baýlaşdyrýan mukaddes hazynadyr. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan Türkmenistanyň taryhy-da şol häsiýetlere eýe bolan umumy taryhyň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistanyň taryhy biziň Watanymyzyň çäklerinde adamzat jemgyýetiniň döreýşini we ösüşini çuňňur öwrenmekdir. Biziň eýýamymyzdan öňki IV müňýyllygyna ýagny eneolit döwrüne degişli bolan Ýylgynlydepe ýadygärliginde geçirilen gazuw agtaryş işleriniň netijesinde 2014-nji ýylda uly ussahanyň üsti açylýar we tapylan gymmatlyklar muzeýe tabşyrylýar. Dürli görnüşli keramiki gaplar, däne döwülýän gaplar, zoomorf şekilli heýkeljikler gyzyl toýundan ýasalypdyr. Nagyşlanan keramika önümleri, jaýyň diwarlarynyň ýüzüne gara-gyzyl surat çekmek usuly Pessejikdepe, Daşlyjadepe, Änew, Garadepe, Namazga, Ýasydepe, Göksüýri ýaly oturymly ýerlerde dowam etdirilipdir hem ösdürilipdir. Olara çalnan reňklerem, esasan, öňküler bilen birmeňzeş bolupdyr. Suw çüwdürimine meňzeş nagyşlar ýitip, onuň ýerine parallel göni çyzyklar giňden ulanylyp başlanýar. Kesişýän parallel çyzyklar gyşyk tor görnüşini emele getirip, üçburçluklary hem romblary doldurýar. Bu ýadygärliklerden tapylan şekillendiriş sungatynyň önümleri ilkinji ekerançylyk bilen meşgullanýan adamlaryň gözellik baradaky asyl düşünjesini görkezýär. • Marguşyň gadymy ýadygärlikleri özüniň beýik binalagärligi, galalary, köşkleri we ybadathanalary bilen dünýäde meşhurdyr. Goňurdepedäki guburlardan tapylan barly adamlaryň mazarlaryny bezän mozaika kompozisiýalarynyň aýratyn gymmatlygy bardyr. Çünki şeýle tapyndylar tutuş Gadymy Gündogaryň şol döwre degişli ýadygärliklerinde hem duş gelmeýär. Olaryň arasynda diwarlaryň ýüzünde, şeýle hem sowgatly sandyklarda şekillendirilen ýordum we nagyşly panelleriň birnäçesi saklanyp galypdyr. Ähli mozaikalar garyşyk usullar bilen ýerine ýetirilipdir. Goňurdepäniň şalar gonamçylygyndan tapylan geometrik we mozaika görnüşli şekiller ilkinji gezek 2004-nji ýylda ýüze çykarylýar. Olaryň agramly bölegi diwarlaryň ýüzüne çekilen bolsa, aýry-aýry bölekleri mozaika usulynda ýerine ýetirilipdir. Ony taýýarlamak üçin dürli usullaryň birnäçesi ulanylypdyr. Umumy kompozisiýa giňişligi göniburçluklara we inedördüllere bölünip, tutuş diwaryň ýüzündäki lentalarda birleşýär. Ýasalan mozaikalaryň aýratynlygy nakgaşçylyk we mozaika usuly hiç ýerde ýok. Sebäbi mozaikalarda reňk ulanýarlar. Guburdan tapylan zenanyň portreti süňkden ýasalyp reňkler bilen baýlaşdyrylan. Bu tapyndynyň uly bir sungat täsiri bilen bilelilde şol döwürde goňşy döwletler bilen medeni hyzmatdaşlygyň bolandygyny hem aýan edýär. Uly ähmiýete eýe bolan möhürlerde suratlandyrylan aždarhanyň, öküzüň, guşlaryň şekilleri gorag hökmünde kabul edilipdir. Külalçylyk peçler dürli görnüşde, ähli mümkinçilikleri döredip başlaýarlar. Munuň üçin hem dürli formaly, geometriki tarapdan dogry we dürs ýasalan küýzeler we gaplar has ähmiýetli bolupdyr. Sungatyň ösmegi netijesinde ýene bir ähmiýetli bolan gap bürünçden ýasalan iki örküçli düýe şekilli gap bolup durýar. Iki örküçli düýeler Baktriýada we Margianada bolupdyr. Bu gabyň esasy aýratynlygy güberçek şekilleri bolup durýar. Adamlar wagtyň geçmegi bilen dürli çig mallary özleşdirip relýef şekilleri hem ýerine ýetirýärler. Bu hem Margiananyň sungatynyň uly derejä ýetendigine şaýatlyk edýär. • Geçirilen gazuw agtaryş işlerininiň netijesinde üsti açylan b.e.öň III-b.e. III asyrlaryna degişli bolan Aşgabatdan 18 km günortada ýerleşýän Parfiýa döwletiniň paýtagty bolan Köne we Täze Nusaý galalaryndan tapylan gymmatlyklar toplumy muzeý ekspozisiýasynda görkezilýär. Nusaýdan tapylan söweş pursatlary şekillendirilen suratlaryň bölekleri Türkmenistanyň gadymy monumental binagärliginiň möhüm alamaty sungatlaryň arabaglanyşygynda ýüze çykypdyr. Heýkeltaraşlyk hem nakgaşçylyk özleriniň ýokary çeperçilik ähmiýetini ýitirmän, köşklerdir ybadathanalaryň zallaryna bezeg, görk beripdir. Gynansak-da, diwar bezegi biziň günlerimize juda az sanly parçalaryň görnüşinde gelip ýetipdir. Bu eseriň esasy uly görümli bolup, muzeýde görkezilýäni eserden galan kiçijek bölekdir. Şeýle hem Nusaý galasynda şertli atlandyrylýan tegelek we dörtburç otaglardan türkmen-italýan ekspedisiýasy tarapyndan tapylan daş plita parfiýa binagärliginiň nusgasy bolup durýar. Diwaryň özi palçykdan edilip, bezeg plitalar bolsa daşdan ýasalypdyr. Binagärlik gurluşygynda detallar daşdan we terrakotadan (bişen toýun) bolupdyr we dürli görnüşli bezeg interýerler metopalar we kapiteller bolup, agaçdan ýasalan sütünlere birikdirilipdir. Ýene bir seýrek duş gelýän muzeý gymmatlygy bolan “Ostrokonlardyr”. Alym lingwistlar bu ýazgylary öwrenip ostrokonlara şol döwrüň adamlary hojalygyň hasabatynyň ýöredilendigini anykladylar. Olaryň 100-e golaýy tapylýar, bu görkezilenleri bolsa olaryň arasynda has gowy saklanyp galanlarydyr. Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäklerinde tapylan b.e. III-IV asyrlara degişli bolan Meleheýran ýadygärliginden kesme ganç usulynda ýerine ýetirilen uly göwrümli plita hem-de piliň süňkünden ýasalan heýkeljikler tapylýar. Şekillendiriş sungatynyň şeýle ajaýyp eseri kesilip nagyşlanan bezegleriň ýerli usullarynyň gadymylyga şaýatlyk edýär, XI-XII arhitekturasynda olar gülläp ösüpdir. Has soňrak, Seljuklar eýýamynda ýerli binagärlik mekdebiniň gülläp ösen ýeri bolan hut Sarahs sebitinde kesilip nagyşlanan bezegleriň tapylmagy, şol mekdepleriň ussatlarynyň diňe bir öz dogduk diýarynyň çäklerinde däl-de, eýsem onuň çäginden has alyslarda-da ajaýyp ýadygärlikleriň ençemesini döredipdirler. Aşgabadyň birnäçe kilometr gündogarynda beýik baýryň üstünde gadymy Seýit Jemaleddin metjidiniň galyndylary bar. Bu ýadygärlik XV asyra degişli bolup, dört desgadan – metjitden, onuň öňündäki kümmediň üstündäki binadan hem-de beýik gümmezli iki sany jaýdan durupdyr. Binanayň girelgesiniň mozaika bölekleri muzeý ekspozisiýasynda diwara berkidilip giňden beýan edilip göpkezilýär Bişen kerpiçden bina edilen metjit keramiki mozaika we syrça bilen kemsiz bezelipdir. Belent girelgesinde inli, depesi çowly arkasy bolan metjidiň gapysy howlynyň içine tarap açylýar eken. Metjidiň nagyş suratlary irki döwür keramika nagyşlary, şeýle hem haly sungatynyň nagyşlary bilen häsiýetlenýär. Ýadygärligiň esasy gymmatlylygy türkmen halkynyň ata-babalaryndan miras galan çeperçilik äheňi açyk duýulýar. Metjidiň ýüz bezeginiň aýratynlygy täsin aždarhalaryň şekilleri bilen bezelipdir. Emma 1948-nji ýylda ýer titreme netijesinde bina dargaýar. Daňdanakan şäheri IX - XII asyrlar aralygynda gülläp ösüp, Merw-Sarahs kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşip ähmiýeti uly bolupdyr. Giçki orta asyrlarda Daňdanakan Daşrabat ady bilen ýatlanylýar. Arheologik gazuw agtaryş işleri ýüze çykarylan zatlaryň arasynda keramiki gap-gaçlar özüniň gözelligi bilen tapawutlanýar. Olar orta asyr senetçiliginde dürli nagyşlar bilen bezelendigini tassyklaýarlar. Ol zatlaryň çeperçilik taýdan bezelmeginde esasy orun geometrik, ösümlik, epigrafik (ýazgylar) nagyşlara we zoomorf (haýwan) sýužetlerine degişlidir. Bu nagyşlaryň arasynda geometrik nagyşlar örän köp duş gelýär. Olar köplenç tegelek, gönüburçlyk, üçburçlyk, alty sekizburçly ýyldyz, göni we çyzyklar görnüşinde ýerine – ýetirilipdir. Daňdanakan galasyndan güjügiň faýansdan edilen kiçijek şekiliniň tapylmagy garaşylmadyj açyşdyr. Ol ähli aýratynlyklary bilen tohumlyk türkmen alabaýynyň şekilini emele getiripdir.    

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



11.09.2019

Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy!





30.08.2019

Bagtyýar döwletiň bilim binýady





22.09.2019

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri G.Hojagulyýewiň şahsy sergisi





18.07.2019

Saglygym - baş baýlygym