XX asyryň 30-njy ýyllarynda türkmen şekillendiriş sungaty täze many-mazmuna eýe bolýar, suratkeşleriň döredijilik işjeňligi, ussatlygy artýar. Beýle ýagdaýyň özi ýerli tematika boýunça işlemäge we türkmen suratkeşlerine döredijilik kömegini bermäge Türkmenistana rus suratkeşleriň yzygiderli gelip durmagy netijesinde bolup geçýär. Olardan M.Sarýany, W.Wýalowy, N.Terpsihorowy, ýagny 40-njy ýyllarda gelen P.Korolýowy, S.Dudnigi, P.Radimowy we beýlekileri görkezmek bolýar. Olaryň Türkmenistanda döreden eserleri muzeý toplumlarynda öz mynasyp ornuny tapýar. Türkmen şekillendiriş sungatynyň, hususan-da nakgaşçylyk sungatynyň ýokara galmagy suratkeş B.Nuralynyň (1900-1965) döredijiligi bilen baglydyr. 1920-nji ýylda Aşgabat şäherinde açylan Gündogar sungatynyň Zarpçy mekdebiniň zehinli okuwçysy bolmak bilen, ol halk sungatynyň ilkinji suratkeşidir. Onuň ilkinji mugallymlary A.Wladyçuk we R.Mazeldir. R.Mazeliň “Erkek kişiniň keşbi” (1920) diýen uly bolmadyk eserinden, şeýle-de S.Beglýarowyň “Aşgabat-Moskwa at çapyşygy”, “Bagşy” we beýleki eserlerinden döredijilik pikirlerini duýmak bolýar. B.Nuralynyň 1923-nji ýylda döreden “Gurban baýramy” atly eseri munuň mysalydyr. Köpsanly keşpleriň içinde suratkeşiň döreden zenan şekilleri aýratyn orun eýeleýär. “Türkmen gyzy” (1937) diýen eserine çuňňur şahyranalyk we sypaýylyk mahsusdyr. Türkmen nakgaşçylygynyň ösüşine uly goşant goşan suratkeşleriň biri-de O.Mizgirýowa (1909-1995). Onuň döredijiliginde şekillendiriş sungatynda milli akymy tapmak ýörelgeleri aýdyñ görünýär. Suratkeşiň halk döredijiliginiň ugruny ulanyp döreden “Jöwza”, “Türkmen gyzjagazlary” diýen eserleri tassyklaýar. 1934-nji ýylda Ş.Rustaweli adyndaky çeperçilik mekdebiniň açylmagy, türkmen şekillendiriş sungatynyň ösmegine uly itergi berýär. Biziň günlerimize çenli çeperçilik mekdebi türkmen döredijilik intelligensiýasyny terbiýeläp ýetişdirýän bilim ojaklarynyň biri bolup hyzmat edýär. 1933-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň suratkeşler birleşmesi döredilýär, soňra ol 1937-nji ýylda Türkmenistanyň suratkeşler birleşigine öwrülýär. Umumylykda bularyñ hemmesi 30-njy ýyllaryň ahyrynda Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň ösmegine uly täsirini ýetiren, suratkeşleriň işjeň topary döredilýär. Çeperçilik mekdebiniň işi bilen ajaýyp nakgaşlar Ý.Daneşwaryň we I.Çerinkonyň atlary berk baglydyr. Olaryň döredijilik we mugallymçylyk ýoly türkmen nakgaşçylygynda düýpli dogruçylyk eserleriň döremegine, şekillendiriş sungatynyň ösüş ugurlaryny kesgitlän milli hünärmenleriñ uly toparynyň döredilmegine ýardam beripdir. Muzeýiñ ekspozisiýasynda Ý.Daneşwaryň “Keşde çekýän” (1947), “Fronta, Ata Watan üçin!” (1947) we I.Çerinkonyň “Ýigitler” (1946) atly eserleri türkmen nakgaşçylygynyň altyn hazynasyna girizildi. Y.Gylyjowyň döredijiligi şol döwrüň nakgaşçylygynyň, türkmen şekillendiriş sungatynyň iň bir öwüşginli sahypalarynyň biridir. Köp sanly eserlerinde suratkeş hakyky halkyñ durmuşy hakyndaky dessanyny uly çeperçilik güýji we täsirliligi bilen beýan edipdir.Onuň ilkinji bolan “Oňat durmuş ugrunda” (1957) atly eserinde ol özüni çylşyrymly köp döredijilik wezipeleri çözmäge, epiki mazmunly eserleri döretmäge ukyply ussat hökmünde tanadýar. Eseriň esasynda esgerleriň dogan-garyndaşlary bilen hoşlaşýan pursaty suratlandyrypdyr. Dünýä sungaty üçin adaty bolan bu ýoly suratkeş milli esasda döretmek bilen, durmuşdaky hakykatçyl keşpleri şekillendirýär. Eserleriň häzirkizaman täsirli plastikasyny agtarmak bilen, Y.Gylyjow halk döredijiliginiň gözbaşlaryna ýüzlenýär, çeperçilik umumylaşdyrmanyň täze usullaryny agtarýar. Onuň döreden eserleri Türkmenistanyň pajarlap ösýän şekillendiriş sungatynyň hakykatyny açyp görkezmegidir.    

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



11.09.2019

Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy!





30.08.2019

Bagtyýar döwletiň bilim binýady





22.09.2019

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri G.Hojagulyýewiň şahsy sergisi





18.07.2019

Saglygym - baş baýlygym