Halkyň amaly-haşam sungaty estetikanyň we tejribäniň, sungatyň we durmuşyň birleşigidir. Onuň köp dürli eseleriniň arasynda haly we haly önümleri, keçe önümleri, kulalçylyk we zergärçilik bezeg eserleri ýokary derejeli hökmünde hasaplanýar. Türkmenistanyň çäklerinde gadym döwürlerden bäri öndürilen önüm eserleri halkyň medeniýetiniň we gündelik ýaşaýşynyň bir bölegi bolupdyr. Ýokary tehniki mümkinçilikleri we çeperçilik kämilligi türkmen amaly-haşam sungatyna at-abraý getirdi; türkmen ussatlarynyň öndüren önümleri uly isleg getirip, olar Aziýanyň hem Ýewropanyň köp ýurtlaryna çykarylypdyr. Ekspozisiýada XX asyryň başyndan häzirki wagta çenli amaly-haşam sungatynyň ösüş ýollaryny açyp görkezýän ussat suratkeşleriň döreden eserleri saklanylýar. ХХ asyryň 30-njy ýyllarynda türkmen halyçylygynda täze many-mazmunyň, täze görnüşleriň we kysymlaryň tassyklanmagy bilen hil taýdan özgerýär. Türkmen halysynyň çeperçilik we tehniki usullary, ussat hili suratkeşler üçin döredijilik gözlegleri we synaglary üçin uly mümkinçilikleri berýär. Şekilli halylaryň peýda bolmagy amaly-monumental sungatynda uly öwrülişige getirýär. Şekilli halylar täze jemgyýetçilik pikirlerini ykrar edýär. Suratkeşler uly haly pannolaryny döredýär. Olardan S.Beglýarowyň “Buluçlaryň tansy” (1947), М.Feduranyň “Тоý” (1947), Маtweýewiň “Hüjüm” (1947) halylaryny mysal getirmek bolýar. Şekilli we nagyşly täze halylary döretmek bilen, suratkeşler şu sungata degişli meseleleri döredijilikli çözýärler, däp bolan nagyşly ýordumlara tankydy nazar bilen garaýarlar, täze eserleri döredýärler. Haly suratkeşleri J.Şahberdiýewanyň, R.Baýramowyň, W.Gyllyýewanyň we beýlekileriň döredijiliginde türkmen halysynyň ýüzýyllyklardan gelýän baý däpleri aýawly saklanyp, ösdürilýär. Türkmenistanyň suratkeşleriniň döredijiliginde şekilli halylaryň uly orun eýelemändigi barada hem bellemek gerek.    

ХХ asyryň 70-nji ýyllarynda türkmen amaly-haşam sungatyna degişli täze görnüşini – gobelen sungatyny ulanyp başlaýarlar. Akymlary, kähalatlarda bolsa häsiýetlerini hem türkmen halysynyň däp bolan görnüşlerinden susup almak bilen, suratkeşler gobelen sungatyny milli döredijilik derejesine ýetirýärler. А.Аtaýewiň “Ussatlar” (1971), “Tomus” (1978) atly eserlerinde açyk mawy, ýaşyl hem gyzyl reňkleriň gapma-garşylygyny başarnykly işleýär. W.Gyllyýewanyň eserlerini bolsa, freskalar bilen deňäp bolýar. Onuň gobelenleri reňk öwüşginleriniň bütewi baýlygy, plastiki çözgüdiniň nepisligi bilen tapawutlanýar. “Hazaryň gyzlary” atly eserinde üç sany gyzyň näzik kaddy gobeleniň düýpsiz deňiz giňişligini alamatlandyrýan zümerret reňkli ýerligi bilen altynsöw goňur reňkde utgaşykly dokalypdyr. A.Hojagulyýewiň döreden gobelenleriniň nusgawy görnüşine we reňkleriň gapma garşylygyna däl-de, durnukly sypaýy reňklere ýykgyn edýär. Däp bolan göniburç ülňilere tabyn bolman, ol eserleri üçin özboluşly ölçegleri tapýar. Onuň “Gündogar” (1983), “Baýramçylyk” (1983) diýen gobelenlerindäki keşpler üýtgeşik şahyrana döredilipdir. A.Hojagulyýew köplenç maşgalasy, “Dokmaçy” (1989) we “Baýramçylygyň öň ýany” (1987) atly gobelenleriň awtory Sülgün bilen döredijilik arkalaşygynda işleýär. Muzeý toplumynda bar bolan “Ýaşaýyş daragty” (1987) gobeleni olaryň bilelikdäki döredijilik işidir. K.Baýlyýew nepisden döredilen ajaýyp “Küýzeçi” (1980) we “Çopan owazy” (1980) atly gobelenleriň awtorydyr. Öz gobelenlerinde dürli materiallaryň häsiýetini başarnykly ulanypdyr, onuň şol usuly eserleri has-da täsirli ýerine ýetirilipdir. Türkmenistanyň zergärçilik önümleri gadymy medeniýetiň aýratyn öwüşginli mirasydyr. Zergärleriň onlarçasy halk sungatynyň şu görnüşiniň däplerini döretdiler. Şaý-sepleriň çeperçilik dili halkyň edebi we saz döredijiliginiň şekillerine kybapdaşdyr. Zergärçilik sungatynda türkmen ussatlarynyň zehini, özboluşly çeperçilik ussatlygyň olaryň gözellik hakyndaky düşünjesi açyk-aýdyň ýüze çykýar. Muzeýiň toplumlaryndaky şaý-sepler häzirkizaman zergärleriň döreden önümleridir. Olar milli alamatlary saklamak we ösdürmek bilen, nusgawy ülňülere we nagyşlara täzelik goşýarlar. Zergärleriň döredýän önümleri esasan zenan şaý-sepleridir. Sebäbi hut zenan şaý-seplerinde halk zergärçilik döredijiliginiň çeperçilik we estetika ýörelgeleri has doly ýüze çykýar. Köýnegiň ýakasyna dakylýan gülýaka önümi has ýörgünlidir. G.Ataýewiň “Şelpeli gülýaka”, B.Gurbangeldiýewiň “Parahatçylyk”, S.Rahmanowyň “Şapak” atly gülýakalary kümüşden ýasalyp, gymmat we ýarym gymmat bahaly daşlar bilen bezelipdir. Şeýle-de zergärler A.Ataýewiň, G.Amangeldiýewiň, A.Amangulyýewiň we beýlekileriň eserleri hem özboluşlylygy we owadanlygy bilen tapawutlanýar. Muzeý ýygyndysynda kemerden, boýun bezegden ýa-da kulondan we bileziklerden ybarat toplumlar bar. Adat bolşy, ýaly, olar melhiordan ýa-da altyn çaýylan kümüşden ýasalan, hakyky, pöwrize ýa-da reňkli aýna bilen haşamlanan. Bu bolsa, olary milli öwüşginli görkezýär. Şeýle bolansoň, türkmen zergärleriniň şaý-sepleri halkyň nusgawy egin-eşigi bilen, häzirkizaman egin-başlary bilen hem utgaşýar. Kulalçylyk eserleri muzeýiň ýygyndysyndan uly orun tapýar. A.Şetininiň, M.Ataýewanyň, A.Taganowyň, S.Muhammedowanyň özboluşly kulalçylyk eserleri nepis we reñkleri gaýtalanmajak eserlerdir. S.Muhammedowanyň “Gelinler”, “Dessan”, “Ahalteke bedewleri” Gündogaryň şahyrana şekilleri heýkeltaraş agramlylygy we plastiki nepisligi bilen tapawutlanýar. M.Ataýewanyň haşamly tabaklary we güldanlary şahyrana duýgulara, kiçi göwrümli, eserlere türkmen halk döredijiliginiň tematikasyna mahsusdyr.    

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



11.10.2019

Türkmenistanyň Halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň ýatlama sergisi





08.10.2019

Bauhaus sergisi





04.10.2019

Şehitlere tagzym bolsun bu güller





30.09.2019

Dilleri senaly Ýaşulularymyz