Muzeýiň ýygyndysynda Günbatar Ýewropa sungatyna degişli Italiýa, Fransiýa, Gollandiýa, Angliýa, Ispaniýa we Germaniýa ussatlaryň XIV-XIX asyrlardaky nakgaş, heýkeltaraşlyk eserleri, farfor önümleri ýerleşdirilendir. XIV asyrda Ýewropa medeniýetinde orta asyr ýörelgelerinden dogruçyl çeperçilik oý-pikirlere baý çylşyrymly akym başlanýar. Dünýä taryhyna “Galkynyş zamanasy” diýen at bilen giren sungatyň ösüş ýolundaky täze tapgyr Italiýada has-da aýdyň ýüze çykýar. Şol wagtlar ol ýerde suratkeşler Leonardo da Winçi, Mikelanjelo we Rafael öz eserlerini döredipdirler. Galkynyş medeniýetiniň binýadyna adamsöýüjilik, adam mertebesini we gözelligini, aklyny we erkini, onuň döredijilik güýçlerini ykrar etmek üçin goýlupdyr. Adamyň erkana belentligi we sazlaşykly açyklygy, onuň duýgulary we tebigat bilen gatnaşyklary şol döwrüň suratkeşleriniň köpüsiniň döredijiligini kesgitläpdir. Muzeý toplumynda orta asyr sungatynda bolup geçen täze akymy häsiýetlendirýän eserler hem ýerleşýär. Fransiýanyň XVII asyra degişli eserlerinde bolsa barokko akymy duýulýar. Fransuz barokko akymynyň baştutany Simon Wue (1590-1649). Onuň şägirtleri hem bu ugurda işläpdirler. Bu ugruň esasy aýratynlyklary, bezegli göwrümleriň, hem-de kaşaň bezelen keşpleriň häsiýetini duýup bolýar. Fransuz sungatynyň deňsiz-taýsyz eserleriniň hatarynda Antuan Watto (1684-1721), Fransiýaly zenan suratkeş Mariýa Luiza Elizabet Wiže-Lebren (1755-1842) öz sungatynda klassisizm akymyny jemlemegi başarypdyr. Onuň eserleriniň gahrymanlary – esasanam zenanlary şadyýan, sada, mähirli, pikire batan ýa-da sypaýy we hereketli işewür keşplerinde janlandyrýar. Gollandiýaly suratkeşleriň eserlerinde ýurduň tebigat gözelligini, haýsy bir döwrüň adamlarynyň keşbini, olaryň oý-pikirlerini we duýgularyny suratlandyrypdyrlar. XVII asyryň golland suratkeşleriň kiçi göwrümli nakgaşçylyk eserlerini “kiçi gollandlar” diýip atlandyrypdyrlar. Şol döwrüň suratkeşleri atlaz matanyň ýalpyldysyny, limonyň dury reňkini, halynyň nepisligini, otagy ýagtaldyp duran günüň şöhlesini görkezmegi başarypdyrlar.    

XVIII asyryň ikinji ýarymynyň iňlis sungatynda bolup geçen uly üstünlikler portret žanryna degişlidir. Öz gezeginde bu ugur milli portret miniatýurasyndan gözbaş alýar. Iňlis portretlerinde köplenç suratkeşiň däp bolan milli portretiniň usullary ulanylýar, durmuş häsiýetli keşpler döredilýär. Tebigaty şekillendirip döredilen eserler Ýewropa nakgaşçylygynda iňlis sungatynyň XIX asyryna gabat gelýär. XV asyryň başynda Germaniýanyň sungatynda gotika stili has ýörgünli bolupdyr. Demirgazyk german şäherlerinde sungat akymy hereketli bolupdyr. Şol ýerlerde giçki gotika miniatýurasynyň däpleri bilen baglanyşykly bolan nepis sungat emele gelýär. Nakgaşçylyk eserlerinde altynsöw ýerlikli figuralaryň tekiz, ýagny göwrümsiz ýerine ýetirilmegi, olaryň dürli ölçegdäki usullar saklanyp galypdyr. XV asyryň ahyrynda XVI asyryň başynda Germaniýanyň şekillendiriş sungaty özüniň pajarlap ösen döwrüne gadam basýar. XVI asyryň sungaty gapma-garşylykly bolupdyr, nakgaşçylyk bilen grawýura sungatyň esasy ugurlary bolýar. XIX asyryň dowamynda nemes sungaty Ýewropa medeniýetinde özboluşly orun tapýar. Şol döwürleriň nakgaşçylygynda klassisizm bilen romantizm ýörgünli akymlar hökmünde hasaplanylýar. Romantizim sungaty tebigat görnüşlerinde we portret eserlerinde has aýdyň ýüze çykýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Günbatar Ýewropa sungatynyň toplumy Ýewropa medeniýetiniň birnäçe ýüzýyllyklaryň dowamyndaky ösüş ýollaryny häsiýetlendirýändir.    

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



11.09.2019

Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy!





30.08.2019

Bagtyýar döwletiň bilim binýady





22.09.2019

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri G.Hojagulyýewiň şahsy sergisi





18.07.2019

Saglygym - baş baýlygym