Muzeý ýygyndysynyň rus sungatyna degişli eserleriniň iň irkileri XVII asyryň ahyrlarynda döredilen eserlerdir. Pýotr I rus jemgyýetiniň başyny başlan hem rus sungatyna özüniň uly täsirini ýetiripdir. Özgerişler Russiýa döwlet ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň we sungatynyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Russiýa hökümetiniň agzalarynyň, ylym we medeniýet wekilleriniň keşplerini Peterburg şäheriniň köşklerinde we ýadygärliklerinde çekmek meselesinde surakeşleriň ünsüni çekýär. Netijede, nakgaşçylaryň täze nesli, buýurma portret žanryny ýüze çykarýar. 1741-nji ýylda Germaniýadan gelen suratkeş Georg Hristow Grot Russiýada 9 ýyla golaý ýaşapdyr we rus sungatynyň taryhynda uly yz galdyrypdyr. Ýelizaweta Petrownanyň köşk suratkeşi bolmak bilen, ol birnäçe gezek patyşa maşgalasynyň agzalarynyň keşplerini döredipdir. XVIII asyryň ahyrlarynda ýaşap öten suratkeş S. Şukin (1762-1828) öz döwründe XIX asyryň täze romantika-hakykatçyllyk nakgaşçylygynyň öñdebaryjysy hökmünde tanalypdyr. Pawel I ör boýuna çekilen keşbi suratkeşe şöhrat getiripdir. Şol eseri üçin ol hormatly akademik adyna eýe bolupdyr. Russiýanyň Çeperçilik Akademiýasynyň zehinli mugallymy G. Ugrýumow (1764-1823) taryhy wakalary suratlandyrýan, nakgaşçylygyň görnükli wekilidir. Ol ilkinjileriň biri bolup milli rus taryhyna ýüzlenýär. XIX asyryň başynda rus nakgaşlygynda romantizm äheňleri ösüp başlaýar. Suratkeşleriň “Göçme sergileriň raýdaşlygyna” birleşen döwrüniň, ýagny XIX asyryň ikinji ýarymynyň XX asyryň başynda rus sungatynyň ösüşini muzeý ýygyndysynyň dürli eserleri mysalynda giňden görkezmäge mümkünçilik döretdi. Ýokarda agzalan birleşme rus milli sungatynyň ösmegine, tankydy realizm akymynyň ýüze çykmagyna getirdi. Nakgaş W. Serow (1865-1911) I. Repiniň zehinli şägirtleriniň biri, bolup nakgaşçylygyň köptaraplaýyn täze dörediji, portretçi, jemgyýetiň dürli wekilleriniň ruhy dünýäsini wagyz ediji suratkeş hökmünde hasaplanylýar. I. Şişkin rus tebigatynyň möwç urýan güýçleriniň aýdymçysy hasaplanylýar. Suratkeşleriň arasynda I.I.Lewitan (1861-1900) rus tebigatynyň owadanlygyny öz eserlerinde wasp edipdir. Awtor tebigaty jansyz bir şekil hökmünde däl-de, dem alýan, tolgunyp hem gaýgylanyp bilýän janly ýaşaýyş hökmünde görkezýär. “Ýaşajyk nahallar” (1884) peýzažynda düzlügiň kä ýerinde gögerip oturan berýozalar bilen goýy ýaşyl arçajyklar şekillendirilipdir. Şonuň ýaly şekiller I. Lewitanyň döredijiligine häsiýetlidir. Şeýle-de, peýzaž nakgaşçylygy XIX asyryň birinji ýarymynda döredijilige girişen we asyryň ikinji ýarymynda ussatlyk bilen işlän I.Aýwazowskiniň (1817-1900) we A. Kuinjiniň (1842-1910) eserlerinde hem esasy orun eýeleýär. Rus suratkeşi K. Korowiniň (1861-1939) eserleri we etýudlary hemişe şatlyk we täze duýgulary görkezýär. Nakgaş üçin peýzaž ilkinji nobatda tebigat bilen adamyň arasynda baglanyşygy çeperçilik taýdan öwrenmek zerurdyr. N. Rerihiň (1874-1947) eserleri stanok işlere däl-de haşamly pannolara çalym edýär, sebäbi olar kähalatlarda ýiti, güýçli, yssy reňkli, kähalatlarda dartgynly hem doýgun reňkler bilen garylyp-gatlyşýar. Muzeý ekspozisiýasynda rus senagat önümçiligine degişli zawodlarda we fabriklerde öndürilen farfor önümlerinden düzülen baý ýygyndylary şeýle hem daşary ýurtly suratkeşleriň, ýerine ýetiren miniatýura eserleri görkezilýär. Rus heýkeltaraşlyk sungaty bilen I.N.Şrederiň (1835-1908), R.R.Bahyň (1859-1933), N.Ýe.Swerçkowyň (1817-1898) we beýlekileriň eserleriniň mysalynda tanyşmak bolýar.    

 
 



© Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi
744000, Türkmenistan, ş.Aşgabat. 2022 (A.Nowaýi) köçesiniň 88-nji jaýy.
Tel:+993 12 92 71 69, Faks: +993 12 92 72 44

GEÇEN SERGILER



11.10.2019

Türkmenistanyň Halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň ýatlama sergisi





08.10.2019

Bauhaus sergisi





04.10.2019

Şehitlere tagzym bolsun bu güller





30.09.2019

Dilleri senaly Ýaşulularymyz