Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary gezelençde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlary ylym bilen meşgullanmaga,
zehinli alymlaryň täze neslini höweslendirmäge we goldamaga, dünýäniň ylmy
jemgyýetçiligi bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge, milli mirasymyzy giňden
öwrenmäge uly üns berilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan Türkmen döwlet
maliýe institutynyň talyplary Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine
gezelenç edip, muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Gezelenjiň çäklerinde
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli «tegelek stoluň» başynda
söhbetdeşlik geçirildi.



Talyp ýaşlary muzeý
gymmatlyklary bilen tanyşdyrmagyň esasynda ýaşlarda däp-dessurymyza, milli
mirasymyza söýgini döretmek, şeýle hem olary geljekki nesillere ýetirmek
maksady bilen geçirilen söhbetdeşlige gatnaşanlar milli mirasymyzy içgin
öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän
türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň
Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, alkyş sözlerini aýtdylar.




Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244