«Türkmenistan dost-doganlyk mekany»
Bagtyýar ýaşaýşa guwanç, durmuş dowamata buýsanç, dost-doganlyk gatnaşyklaryna bolan gyzgyn mähir ynsan kalbynda müdimilik ornaşan duýgularyň ummanyndan syzylýar. Sungatyň wezipesi ýeke bir gözelligi döretmek däl, eýsem, ony adamzat jemgyýetine ýaýratmak. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda adamzat gymmatlyklarynyň esasynda sungat eserleriniň üsti bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny birleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmenistan dost-doganlyk mekany» atly halkara sergisi we doganlyk ülkeleriň suratkeşleriniň onlaýn duşuşygy guraldy. Sergide halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik däpleri açyp görkezýän ajaýyp sungat eserleri sergilendi. Olaryň arasynda Günbatar Ýewropa şekillendiriş sungatynyň iň naýbaşy eserleri bilen birlikde Türkmenistanyň halk suratkeşleriniň dünýä ýurtlaryny wasp edýän eserleri hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyplarynyň ýerine ýetirmeginde parahat, asuda Diýarymyzy beýan edýän sungat eserleri ýerleşdirildi. Sungat eserleriniň her biri öz döwrüniň, taryhynyň bir parçasy bolup, geçmişi beýan edýän sahna ýaly tomaşaçylara açyp görkezýär. Olaryň her birinde ussat suratkeşiň jemgyýete bolan gözýetimi, dünýä ýüzüniň parahatçylygy, il-günüň mähir muhabbeti, dost-doganlyk köprüsiniň yşygy döreýär.
Halkara onlaýn duşuşygynda Azerbaýjanyň halk suratkeşi, professory Sakit Mammedow, Özbegistanyň çeperçilik akademiýasynyň başlygy, Özbegistanyň halk suratkeşi, akademik Akmal Nuridinow, Özbegistanyň K.Begzad adyndaky milli çeperçilik we dizaýn institutynyň mugallymy, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Sardor Allabergenow, Gazagystanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Umirbek Žubaniýazow, Gazagystanyň T.Žurgenow adyndaky Milli sungat akademiýasynyň ýanyndaky kollejiň okuw işleri boýunça orunbasary Abdurahman Turgyn, Arabaýew adyndaky GDU-niň professory, Gyrgyzystanyň halk suratkeşi Ýuristanbek Şygaýew, Türkiýe Respublikasynyň Ýeditepe uniwersitetiniň Şekillendiriş sungaty bölüminiň dekany Gülweli Kaýa, Türkiýe Respublikasynyň Ýeditepe uniwersitetiniň professor mugallymy Teýmur Rzaýew, Şanhaý Sungat Kolleksiýasy Muzeýiniň Prezidenti we Şanhaý Döredijilik Önümleri Ösdürmek Merkeziniň Prezidenti Hu Muqing, Hytaýyň Milli sungat gaznasynyň bilermenler geňeşiniň agzasy, Uýgur awtonom welayatynyň Uýgur Guizi gözleg institutynyň çakylyk boýunça gözlegçisi, Aziýa sungat maliýe akademiýasynyň çakylyk boýunça professory, Hytaý Halk Uniwersitetiniň Renessans gözleg institutynyň gözlegçisi hem-de Fudan Uniwersitetiniň Milli medeni innowasiýa gözleg merkeziniň gözlegçisi Şiao Gu, Russiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Bileleşiginiň medeniýet boýunça maslahatçysy, «Suratkeşiň gözi bilen» art-toparyň esaslandyryjysy Darýa Karaçewa, Russiýa Federasiýasynyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Irina Rudenko, Eýran Yslam Respublikasynyň Mazendaran şäheriniň miniatýura we altyn çaýyp bezemek boýunça suratkeşi, Miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungatyny öwrediş hususy galereýanyň mugallymy Haşemi Seýede Sähär dagylar gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Pederlerimiziň paýhasy bilen döredilen özboluşly dessurlara ygrarlylygyň binýady bolan parahatçylygyň we ynanyşmagyň durnukly ösüşleri bilen dünýäde ykrar edilýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun!