«Köňül owazy»

Dutar – türkmen halkynyň köp asyrlyk saz medeniýetiniň
aýrylmaz bölegidir. Hemişe bagşylaryň il arasynda hormat-sarpasy belent
bolupdyr. Türkmen owazy teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip ýaýlyma goýberilýän
«Köňül owazy» atly gepleşigiň bu sany Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty
muzeýinde ýazgy edildi. Gepleşigi Türkmen döwlet maliýa institutynyň talyby
Şöhrat Inerow alyp baryp Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby
Selbinyýaz Ataýewa aýdym aýtdy. «Janymyň jananasy», «Armanly», «Sözüm bar
saňa», «Joş olmasyn», «Gelýär», «Döneýin», «Janymdan» ýaly türkmen halk
aýdymlar bilen çykyş edildi. Gepleşige gatnaşanlar türkmeniň saz sungatyny
ösdürmekde döredip berýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini
aýtdylar.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244