ASYRLARYŇ JÜMMÜŞINDEN GELIP ÇYKAN TÜRKMEN BEDEWLERI
Ýurdumyzda her ýyl apreliň soňky ýekşenbesinde türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyza dünýäniň dürli künjeklerinden myhmanlar, hünärmenler we ahalteke bedewleriniň muşdaklary gelýärler. Şeýle hem bu milli baýram mynasybetli dürli bäsleşikler geçirilýär we ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.
Her ýylda geçirilýän döredijilik hem-de bedewleriň gözellik bäsleşigi Türkmen bedewiniň baýramçylygyna özboluşly gözellik çaýmak bilen çäklenmän, eýsem, ahalteke bedewleriniň halkymyzyň gadymy döwründe we häzirki durmuşynda tutýan ornuny äşgär edýär. Häzirki döwürde bedewler öz gözelligi bilen dünýäniň köpasyrlyk bezegine göwher gaşy bolup, özboluşly öwüşgin çaýýar.
Behişdi bedewleriň çeper keşbi sungat eserlerinde hem öz beýanyny tapýar. Nusaýda geçirilen gazuw-agtaryş işleriň soňky tapgyrynyň dowamynda tapylan at heýkeljiginiň bir bölegi muňa mysal bolup biler. At heýkeljigi gadymy orta asyr ussatlary tarapyndan ýaşyl syrçaly keramikadan ýerine ýetirilen. Gadymy Nusaý bilen orta asyr Nusaýyň arasynda on asyr töwerek aralyk bar, şol döwürde ussatlar öz halaýan haýwanlarynyň şekillerini döredipdirler we bu şekiljikler biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň baý ýygyndysynda bir täsin diwar bezegi bar. Ol Nusaý galasyndan tapylan I asyra degişli söweş pursatydyr. Eserde gök we goňur reňkleriň agdyklyk etmegi şol döwrüň umumy çeperçilik äheňi bilen häsiýetlendirilýär.
Muzeý ýygyndysyndaky häzirki zaman monumental heýkeltaraşlyk sungatynyň naýbaşy eserleriniň biri-de ahalteke atynda oturan Oguzhanyň heýkelidir. Näbelli gadymy ussatlaryň ýokarda beýan edilen eserlerinden tapawutlylykda, bu eser ussat heýkeltaraş, Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýewe degişlidir. Ak gipsden şekillendirilen Oguzhan çep eli bilen aty dolandyrýar, sag eli bilen bolsa dabaraly salamlaşýar. Bu eserleriň arasyndaky wagt aralygy köp asyrlarda ölçenýär. Emma näbelli gadymy ussat we häzirki zaman görnükli heýkeltaraş tarapyndan şekillendirilen türkmen atynyň şekili üýtgewsiz galýar.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadamlary bedew badyna deňelýär. Munuň özi güneşli Diýarymyzda asylly işleriň we milli ýörelgeleriň ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlyklary bilen utgaşdyrylýandygyny alamatlandyrýar. Bu bolsa ösüşiň belentliklerini nazarlaýan ýurdumyzyň durmuşynyň her bir pursadynyň ähmiýetli wakalara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Nurýagdy BABAÝEW,
Türkmenistanyň Şekillendiriş
sungaty muzeýiniň baş hünärmeni.