Syýahatçylaryň gezelenji
Parahatçylygyň,
bagtyýarlygyň mekany hökmünde ýurdumyzyň at-owazasy äleme dolýar. Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän taglymatlarynda
abadançylyk, ösüş, ynsanperwerlik, ruhy kämillik, hoşniýetlilik we
dost-doganlyk öz beýanyny tapýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak»
ýylynda
dost-doganlyk gatnaşyklary has-da ösdürilýär. Hytaý Halk Respublikasynyň Gong
Kong şäherinden gelen syýahatçy alymlar, professorlar hem-de arheologlar
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde myhmançylykda boldylar.
Muzeýimize gelen myhmanlarda sergi bölümleriniň her biri uly täsir galdyrdy.
Aýratyn hem «Gadymy sungat» bölümi bilen has içgin gyzyklandylar.