ONLAÝN OKUW MASLAHATY

9-njy aprelda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Rus muzeýiniň arasynda onlaýn okuw maslahaty geçirildi. Bu okuw maslahaty türkmen nakgaş sungatynda görnükli yz goýan Aýhan Hajyýewiň döredijiligine bagyşlandy. «Aýhan Hajyýewiň döredijiligi we türkmen medeniýetinde Magtymgulynyň keşbi» ady bilen geçirilen duşuşyga muzeýiň ylmy işgärleri, mugallymlar we talyp-ýaşlar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň alyp barýan işleri, onuň gaznasynda saklanylýan muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrmakda muzeýiň direktorynyň orunbasary Kakajan Hanow çykyş etdi. Soňra Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy Azat Annaýew Türkmenistanyň halk suratkeşi, sungaty öwreniş ylymlarynyň professory Aýhan Hajyýewiň ömür ýoly we onuň Magtymguly Pyragynyň kanoniki portretini döretmekde alyp baran işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Aýhan Hajyýew türkmen şekillendiriş sungatynda öçmejek yz galdyran suratkeşleriň biridir. Ol türkmen şekillendiriş sungatynyň milli mekdebiniň düýbüni tutujylaryň biri bolmak bilen, ýaş sungat nesilleriniň kemala gelmegine uly goşant goşdy. Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl, ýagny Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bellenilen 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu mynasybetli onuň döredijiligi bilen baglanyşykly sergi hem-de «Pyragydan ruhlanan ussat» atly maslahaty geçirildi.






Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244