Baýramçylykda göçme sergi
Türkmen halky däp
boýunça her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Bedew baýramyny uly dabara
bilen belleýär. Bu baýramçylyga bagyşlanan çäreler
ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giňden bellenilip, dürli çäreler-dabaralar
geçirilmegi birnäçe günläp dowam edýär. Türkmenistanyň
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
guramagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýi göçme sergisini gurady. Sergide H.Rejepowyň «Badhyz», S.Pürliýewiň
«Miras», M.Ýagşymyradowyň «Ahalteke bedew, Melehan», M.Kakabaýewyň «Türkmen gyjaklary», A.Taganowyň «Bezeg
güldan», S.Muhammedowanyň «Tawus»,
Bahar Annagulyýewanyň «Deňiz» ýaly birnäçe sungat eserleri dabara gatnaşan
myhmanlarda uly täsir galdyrdy.