«Parahat durmuşda-şöhraty dünýä ýaň salýan Watanymyz» atly aýdym-sazly, brifing duşuşyk
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşydöwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi,
«Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty
muzeýinde «Parahat durmuşda-şöhraty dünýä ýaň salýan Watanymyz» atly
aýdym-sazly, brifing duşuşygy geçirildi. Brifingi alyp bardy Bagtyýarlyk etrap
Halk Maslahatynyň agzasy, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby Dörwan Myradow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy Rüstem
Mämmedow, Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy Ogulsadap
Durdyýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň
mugallymy Aýgül Gurbanowa, Türkmenbaşy jinsi toplumynyň Magtymguly adyndaky Ilkinji
ýaşlar guramasynyň başlygy Allanazar Täçmyradow dagylar duşuşykda çykyş
etdiler. Duşuşykda Gurbanguly Berdimuhammedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4
ýyllygy hem-de hormatly Prezidetimiziň «Merkezi Aziýa-Ýewropa bileleşigi»
birinji sammitindäki täsirli çykyşynda «Türkmenistan medeni-ynsanperwer
hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge hem ygrarlydyr» diýen sözlerinden ugur
alyndy.