Bedew baýramçylygy mynasybetli
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan miras galan
asylly däplerimizi tutuş Ýer ýüzüne ýaýmakda
dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Şeýle däpleriň biri-de türkmen ahalteke
bedewleriniň şöhratyny artdyrmak, arassa ganly tohum atlarynyň sanyny
köpeltmek, atçylyk sportyny ösdürmek, bedewlerimizi dünýä derejesine çykarmak
baradaky işlerdir. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramy
mynasybetli “Medeni miras” atly gepleşigiň täze sany ýazgy edildi. Muzeýiň baş gaznalary
goraýjysy Mähri Atdaýewa,
esasy hünärmeni Aýjemal Gatyýewa, esasy hünärmeni
Aýgözel Ataýewa, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky
Çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Ogulgül Nurlyýewanyň çykyş etmeklerinde
ýazgy edilen bu gepleşik türkmen milli ýörelgelerimiziň dowamatynyň dowam
bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de olar ýurdumyzda atçylyk
däplerimiziň goralmagy we ösdürilmegi ugrunda irginsiz aladalar edýän Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak
bolmagyny hem-de il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň rowana
ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.