«Gözelligi dünýä nusga bedewler » atly serginiň

Türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň taýsyz
tagallary netijesinde gözelligi, owadanlygy, ýyndamlygy bilen älem-jahany
haýran galdyrýan behişdi bedewlerimiziň şanyna toý dabaralary tutulýar. Her
ýylyň aprel aýynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli
baýramy mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreler yzygiderli geçirilýär. Şeýle
baýramçylyk çäreleriň biri hem şu gün biziň Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat
Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet
ministrliginiň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Agrar
partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaksiýasynyň
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bilelikde yglan eden “Waspyň sena
boldy dillerde bedew!” atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy geçirildi
we bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Şeýle hem bedewleriň sungatdaky ornuny şöhlelendirýän sergi gurnaldy.



      Şeýle uly işleriň sakasynda duran türkmen
halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza
minnetdarlygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun.
Il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!  

Paýlaş

16/05/2025

SAB

FAGHSBYEN

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244