Liwiýa döwletiniň medeniýet günleri
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak»
ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan
oňyn ýörelgeleri esasynda Ata Watanymyz bilen dünýä ýurtlarynyň arasyndaky
dost-doganlyk gatnaşyklary barha berkeýär. Ýakyn Gündogaryň ykdysady taýdan iň kuwwatly
we okgunly ösýän ýurtlarynyň biri hökmünde tanalýan Liwiýa döwletiniň milli
medeni mirasyň gazananlaryny öwrenmek hem-de halk köpçüligine ýetirmek maksady
bilen Liwiýa
Döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda gözel ülkämizde Liwiýa
döwletiniň medeniýet günleri geçirilýär.
Türkmenistandaky
Liwiýa döwletiniň medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty
muzeýinde Liwiýa döwletiniň medeniýet günleriniň açylyş dabarasy hem-de sergi
guraldy. Sergide yslam medeniýetinde çuňňur kök uran sungat bolan arap hat-ýazuwy
we Liwiýanyň milli lybaslary, türkmen alymlarynyň arap dilinde ýazan çeper
kitaplary we milli tagamlary sergilendi. Şeýle hem sergide milli
däp-dessurlaryň baýlygyny , milli medeniýetlerini hem-de taryhynyň
gazananlaryny görkezýän fotosuratlar ýerleşdirildi.