Ylmy maslahat
Liwiýa döwletiniň
Türkmenistandaky medeniýet günleriniň çäginde Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde
«Adamzadyň medeni ösüşini açyp görkezmekde we arap dilini hem-de yslam
magaryfyny baýlaşdyrmakda türkmen alymlarynyň eýeleýän orny» atly ylmy
maslahaty geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň
tekstologiýa we edebi miras bölüminiň uly ylmy işgäri Amandurdy Nuraýew, Liwiýa
Döwletiniň Tripoli şäherindäki Arap we Yslamy öwreniş kollejiniň direktory
Kamal Elharama, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil,
edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Toýly Muhyýew,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň taryh we arheologiýa institutynyň esasy
ylmy işgäri Kakajan Baýramow çykyş etdiler. Dostlukly ýurtlaryň arasyndaky
gatnaşyklar ugurlaryň giň gerimi, şol sanda syýasy, ykdysady,
medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça depginli ösdürilýändigi dogrusynda maslahatda giňşleýin çykyş etdiler.
Şeýle ajaýyp işleriň sakasynda duran türkmen
halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly
Gahryman Serdarymyza dünýä döwletleri bilen medeni ynsanperwer ugurdaky
medeniýet, syýahatçylyk hem-de sport ulgamlaryndaky netijeli hyzmatdaşlygy
ösdürmekde il-ýurt bähbitli,
bütinadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin. Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman
bolsun!