SUNGATYŇ AJAÝYP TÄSIRI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe beden hem ruhy taýdan sagdyn, ylym bilimli,
giň dünýä garaýyşly ýaşlary
terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Okuw maksatnamalarynda
özleşdirilýän bilimler bilen bir hatarda, ýaşlarda döredijilik,
çeperçilik ukyplaryny artdyrmak möhüm wezipe bolup durýar. Çeper
sungat ynsanda gözellik duýgusyny terbiýelemäge, onuň dünýä garaýşynyň giňelmegine ýardam edýär.
Şu babatda nakgaşlaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň eserlerini
tanyşdyrýan sergilerede uly orun degişlidir. Çeper eserleriň sergileri
ýaşlaryň döredijilik ukyplarynyň artmagyna gönükdirilen pedagogik
ähmiýetli wezipeleriň birbada birnäçesini üstünlikli çözmäge kömek
edýän gyzykly hem täsirli çärelerdir.
Olar ýaş nesle döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmaga we ösdürmäge,
sungata gyzyklanmany artdyrmaga, jogapkärçilik we özbaşdaklyk
duýgularyny kemala getirmäge ýardam berýär. Döredijilik sergileri
ýaş nesilleri täze maksatlara tarap ädim ätmäge ruhlandyrmak
güýjünede eýedir. Ýeri gelende sergileriň dürli mowzuklar boýunça
geçirilýändigini bellemek gerek. Türkmenistanyň Şekillendiriş
sungaty muzeýinde hem baýramçylyklar, şanly seneler mynasybetli
ýöriteleşdirilen sergiler guralýar. Olarda kesgitli mowzuk boýunça
eserler toplumlary görkezilýär. Bu eserler saýlanyp alnan mowzuga
dürli ugurlardan, özboluşly nukdaý nazarlardan
seretmäge mümkinçilik berýär. Şeýle sergilere gatnaşmak ýaşlar
üçin özboluşly tejribe bolup hyzmat edýär. Çeperçilik sergileriniň
gözellik duýgusyny kemala getirmekdäki we döredijilik ukyplaryny
ösdürmekdäki ähmiýeti aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Olar ähli taraplaýyn ösen
şahsyýetiň kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Bilim beriş
we terbiýeçilik işiniň aýrylmaz bölegi hökmünde çeperçilik sergileri
birnäçe wezipeleri çözmäge kömek edýär. Olara şahsyýetiň kämilleşmegi,
durmuş, düşünje, adamlar bilen aragatnaşyk gurmak, döredijilik ugurlarda
ösüş, özüňi kämilleşdirmäge we mümkinçilikleriňi durmuşa geçirmäge
ymtylmak degişlidir. Şeýle hem çeperçilik sergileri ýaşlarda raýat
jogapkärçiligini kemala getirmekde, durmuş kadalaryna gözýetirip,
jemgyýetdäki orunlaryny kesgitlemekde, pikir yzygiderliligini
gurmagy öwrenmekde, göz öňüne getirişi kämilleşdirmekde, ýatkeşligi,
ünslüligi güýçlendirmekde, beýleki adamlaryň pikirlerine we
garaýyşlaryna düşünmekde uly kömek edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde
muzeýler ýaş nesiller üçin gapylaryny giňden açýar. Dürli döwürlere
we dürli mowzuklara bagyşlanan sergilere guralýan gezelençler bilim
we terbiýeçilik işi bilen üstünlikli utgaşdyrylýar. Şunuň bilen
birlikde, çeper döredijilige höwesli ýaşlarymyzyň ajaýyp eserleri
döredip, dürli sergilerde we bäsleşiklerde öz ukyp başarnyklaryny
görkezýändigi buýsandyrýar. Bilim—tükeniksiz baýlyk, terbiýe—bahasyz
gymmatlyk. Şoňa göräde eziz Diýarymyzda ýaşlara bilim we terbiýe
bermekde iň kämil usullar, öňdebaryjy tejribeler peýdalanylýar.
Aýgözel ATAÝEWA,
Türkmenistanyň şekillendiriş
sungaty
muzeýiniň medeni aň-bilim
işleri bölüminiň esasy hünärmeni.