«Watan waspy dillerimizde dessandyr» atly söhbetdeşlik.
Milli Liderimiziň: «Watana
bolan söýgi ýürekde orun alan iň näzik we päkize duýgudyr. Onuň gymmatyny hiç
zat bilen ölçäp bolmaz » diýen parasatly sözleri bu günki gün bagtyýar
nesilleriň her biriniň kalbynda watançylyk senasy bolup ýaňlanýar. Watan
mukaddes düşünje bolmak bilen her bir ynsanyň kalbynda ebedi ýaşaýar. Aşgabat
şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi we «Aşgabat» teleýaýlymy
bilen bilelikde «Watan waspy dillerimizde dessandyr» atly söhbetdeşlik
geçirildi. Söhbetdeşligi alyp baran «Aşgabat» teleýaýlymynyň alypbaryjysy Ýufargül Meredowa
şeýle hem söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň
Ylmy-barlag bölüminiň uly ylmy işgäri
Güljeren Guljaýewa, Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý
dabaralary merkeziniň hünärmeni Jemal Annageldiýewa gatnaşyp ýürekleri Watana
bolan söýgüden doly zenanlarymyz täsirli söhbetler etdiler. Öňdebaryjy
zenanlarymyz eziz diýarymyzyň aýdyň geljegine gönükdürilen beýik işleri amal
edýän Hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan edýärler.