«Parahatçylyk-adamzat kalbynyň owazy!»atly sergi.
Watanymyzyň
halkymyzyň eşretli durmuşyny, üpjün etmek ugrunda döwletli işleri durmuşa
geçirýän Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady
bilen barha öňe barýar. Eziz diýarymyzyň ösüşlerini görmäne göz taryplamana
şirin zyban gerek. Gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler
türkmen taryhynyň gatlaryna ebedi altyn harplar bilen ýazylýar.2025-nji ýylyň
ýanwar aýynyň 15-ne Türkmenistanyň Şekillendiriş sungatymuzeýinde «Parahatçylyk-adamzat kalbynyň owazy» atly
sergi guraldy. Reňkleriň sazlaşygyndan döredilen ajaýyp nakgaş
eserlerinden düzülen sergide Çary
Öwäýewiň «Eziz ülkäm Mary», Mekan Amanowyň «Ahalteke gözelligi», Merdan Kakabaýewiň
«Türkmen gyjaklary», Alekseý Şetininiň «Mollanepes» atly eserleri sergini
synlan her bir adamda ýakymly duýgulary döretdiler. Ussat muzeý hünärmenleri milli medeniýetimizi we
sungatymyzy gülledip ösdürmekde ony
dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, peder
ýoluny parasatly dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan
alkyşlaryny beýan edýärler.