«Asudalyk bagtyýarlygymyzyň binýady» atly söhbetdeşlik.
Ata-babalarymyzyň,
beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan bagtyýar asuda diýarymyzda
halkymyzyň abadan asuda parahat
ýaşaýşyna gönükdürlen beýik işler her bir türkmen raýatynyň köňlüni
galkyndyrýar. Agzybirlik, asudalyk, bolsa ähli halklar üçin iň zerur gymmatlyk
hasaplanýar. Milli Liderimiz «Parahatçylyk
sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly
kitabynda: Parahat we agzybir durmuşyň gözbaşy köňlüň bitewüligindedir diýip
örän jaýdar belläp geçýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde
2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 17-sine «Asudalyk bagtyýarlygymyzyň binýady» atly
söhbetdeşlik geçirildi. Täsirli geçen söhbetdeşlige Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ylmy-barlag bölümüniň uly ylmy işgäri Guljaýewa
Güljeren, Zenan kalby žurnalynyň redaktory Nurmyradowa Amangül gatnaşdylar,
gepleşigi alyp baran Miras teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we
alypbaryjysy Nunnakowa Annasoltan. Öňdebaryjy zenanlarymyz arassa asmanyň
astynda parahat zeminiň üstünde bagtyýarlygyň goýnunda döredijilikli zähmet
çekmäge giň ýollar açýan Hormatly
Prezidentimize ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan edýärler.