“Asuda asmanym, abadan ýurdum”
Her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň güni
Watanymyzyň ähli künjeginde dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Watanymyzyň
goragynda duran esgerlerimiziň, serkerdelerimiziň abraý-mertebesini belende
göterip, türkmen halky buýsanç bilen baýramçylyk çäreleri gurnaýarlar.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyadyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde hem Watan goragçylarynyň güni
mynasybetli “Asuda asmanym, abadan ýurdum” atly sergi gurnaldy. Sergide halypa
suratkeşleriň eserleri esasy orny eýeläp, olarda Beýik Watançylyk urşuna
gatnaşan weteranlaryň, harby gullukçylaryň keşpleri we Watan
goragyna bagyşlanan eserler görkezilýär. Türkmenistanyň halk suratkeşleri Hally Annaçaryýewiň
“Beýik Watançylyk urşunyň weterany M.Jalalowyň portreti”, Wladimir Pawloskiýniň “Razwedçik”, Türkmenistanyň sungatda
at gazanan işgäri Nikolaý Çerwýakowyň “Serhetçi N.Alakiniň portreti”, we “Watançylyk urşunyň
weteranlary”, Çary Öwwäýewiň “Şükür aga”, “Hiç kim ýatdan
çykanok – Hiç zat unudylanok” ýaly ajaýyp eserlerde suratkeşler edermenligi bilen
tapawutlanan Watana wepaly bolan goragçylaryň keşbini ussatlarça ýerine
ýetiripdirler.
başga-da nakgaş eserler bilen birlikde heýkel we keramiki eserler
serginiň many-mazmunyny doly açyp görkezýär. Watan goragçylarynyň
keşbi şekillendiriş sungatynyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapdy. Türkmen halkynyň taryhyny, milliligini,
däp-dessurlaryny, häzirki döwrüni we ajaýyp günleriniň waspy her bir sungat
eserinde duýmak bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň, ähli türkmen halkynyň, Ýurdumyzy gözüniň göreji ýaly
goraýan esgerlerini we serkerdelerini Watan goragçylarynyň güni
mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys!