Watan goragçylarynyň güni mynasybetli

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,
Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly
baştutanlygynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler halkymyzyň bagtyýarlygynyň mukamy
bolup belentden-belent ýaňlanýar. Asyrlara barabar beýik işler bolsa halkymyzyň
ykbalyny galkyndyrýar, röwşen geljege bolan ynamyny pugtalandyrýar. 2025-nji
ýylyň ýanwar aýynyň 21-ne Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň
merkezinde, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznahanalarynda
ýerleşdirilen nakgaş, heýkel, keramika, amaly-haşam sungat eserlerinden düzülen
göçme sergi guraldy. Sergide Ý. Baýramowyň, «Seýdiniň portreti» A.Taganow «Bezeg
güldan» A. Taganowyň, «Seýitjemaleddiniň ýadygärligi» G.M. Gurbanowanyň, «Ýüzi
nagyşlar bilen bezelen ýalpak görnüşli tabak» atly ajaýyp sungat eserleri
sergini synlan her bir adamda ýakymly duýgulary döredýär. Ýürekleri Watana
bolan söýgüden püre-pür ussat hünärmenler halal zähmet çekmäge ajaýyp sergileri
gurap halkymyza ýetirmäge döredilýän mümkünçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli
Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny ýürek
buýsançlaryny beýan edýärler.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244