Bedew at — halkyň uçar ganaty, köňül syrdaşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen
halkara sirk sungaty festiwalynda Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp
bolmagy bagtyýar halkymyzy buýsandyrdy hem-de ýurdumyzyň halkara abraýyny
belende göteren şanly wakalaryň biri boldy.



 Dünýäniň 25 döwletinden sirk artistleriniň ýüzlerçesini ýanwar aýynyň
17-26-sy aralygynda Monte-Karlo sirk festiwaly bir ýere jemledi. Bu festiwala «Galkynyş»
milli at üstündäki oýunlar toparymyzyň hem gatnaşmagy örän guwandyryjydyr. Ajaýyp
bedewleriň gözelligi we çeýeligi, şeýle hem çapyp barýan atyň üstünde dürli
çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň ussatlygy tomaşaçylarda
ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Türkmen jigitleriniň at üstündäki dürli
oýunlary, akrobatik hem-de gimnastik tilsimleri nobatdaky gezek tomaşaçylary we
emin agzalaryny biparh goýmady. Ahalteke bedewlerine atlanan çapyksuwarlar bu
sungatyň ähli çylşyrymly usullaryna ussatlyk bilen erk edýändiklerini görkezdiler.
Bedew atlaryň adamlar bilen bir bitewi göwre bolup çykyş etmekleri bolsa olaryň
birek-birege bolan doly ynamyny görkezýär.



Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyjy boýunça 2007-nji ýylda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary
döredildi. Döredilen ýylyndan başlap «Galkynyş» topary daşary ýurtlaryň iň
talapkär tomaşaçylaryny hem haýran galdyrmagyny dowam edýär.
Atly ýigitler dostlukly ýurtlarda şowly çykyş edip, uly üstünlik gazanýarlar.
2013-nji ýylyň oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen
Bütindünýä sirk sungatynyň festiwalynda toparyň gazanan ilkinji uly üstünligi bolup,
şonda olar esasy baýraga hem-de sirk sungaty boýunça bilermenleriň, metbugatyň
we tomaşaçylaryň ýörite baýraklarynyň birnäçesine mynasyp boldular.



Soňky ýyllarda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary birnäçe abraýly
halkara bäsleşiklere gatnaşyp, ençeme sylaglara we türkmenistanlylaryň çäksiz
söýgüsine mynasyp boldular.



Italiýanyň Latina şäherinde 2014-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen XVI
Halkara sirk festiwaly türkmen jigitlerine nobatdaky ajaýyp ýeňşi getirdi.
2015-nji ýyl hem şonuň ýaly boldy. Guandun welaýatynyň Çžuhaý şäherindäki
festiwalda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleri dünýäniň
22 ýurdundan meşhur sirk toparlarynyň 32-siniň arasynda iň gowy topar diýlip
ykrar edildi we baş baýraga — Altyn kuboga mynasyp boldy. 2016-njy ýylyň sentýabrynda
Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan-ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň Bütindünýä
oýunlarynda türkmen atlylary ýene-de ýeňiji bolup, ýaryşyň baş baýragyny
eýelediler. Mahlasy, toparyň gazanan üstünliklerini «sanasaň sogaby kän»
diýleni. Ine-de, 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň»  ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Döwlet
baýdagyny al-asmana göterip, «Galkynyş» topary deslapky üstünligi bilen ata
Watanymyzyň abraýyny arşa göterdiler.



Monte-Karloda ahalteke atlary bilen gazanylan bu ynamly ýeňiş Gahryman
Arkadagymyzyň atçylyk sportuny ösdürmekdäki oňyn başlangyçlarynyň Arkadagly
Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowamat-dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.



Ismail ORAZOW,



Türkmenistanyň Şekillendiriş
sungaty muzeýiniň direktory.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244