«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»

2025-nji ýyly
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli söhbetdeşlik
duşuşygy geçirildi. Duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň esasy hünärmeni
Dünýägözel Baýmyradowa alyp bardy. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty
muzeýiniň uly ylmy işgäri, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi
Geňeşiniň işjeň agzasy Güljeren Guljaýewa, Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Döwlet edaralarynyň gullukçylaryny
gaýtadan taýýarlamak okuwynyň 2-nji ýyl diňleýjisi Pürli Rasulow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk
etrap Geňeşiniň başlygy Rüstem Mämmedow dagylar çykyş etdiler.   



    

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244