El-hünäri il gezer atly bäsleşigiň şäher tapgyrynyň çäklerinde göçme sergi.

Köpugurly milli mirasymyza
diýseň aýawly çemeleşmekde, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna hormat-sarpa goýmakda,
iňňän özboluşly çeper hem önümçilik medeniýetini kämilleşdirmekde ony häzirki
nesillere ýetirmekde örän oňyn işler durmuşa geçirilýär. 2025-nji ýylyň ýanwar
aýynyň 30-na «Bagt köşgi» toý mekanynda El-hünäri il gezer atly bäsleşigiň
şäher tapgyrynyň çäklerinde göçme sergi guraldy. Sergide Türkmenistanyň Şekillendiriş
sungaty muzeýiniň baý gaznahanalarynda ýerleşdirilen nakgaş, heýkel, keramika,
amaly-haşam sungaty eserlerinden J.Bekdurdyýew «Işden gaýdyp gelmek»
M.Kakabaýew «Gözellik»  A.Ataýew «Gopuzçy
gyz» A.Taganow «Bezeg güldan» «Guşly gölli teke halysy «Ýüň, çitme atly ajaýyp
eserler sergilendi. Sergi bäsleşige gatnaşan her bir adamda uly täsirleri
döretdi. Ussat hünärmenler Milli mirasymyza aýratyn uly sarpa goýýan Hormatly
Prezidentimize ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan edýärler.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244