«Sungat — parahatçylygyň dili»

Türkmen halkynyň
çeperçilik medeniýetiniň kökleri öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar.
Şekillendiriş sungaty arkaly adamlar ilkidurmuş ýaşaýşyndan bäri özlerini
gurşap alýan tebigatyň görnüşlerini suratlandyryp gelipdirler. Daş-töweregi
gurşap alýan gözelligi sungatyň diline geçirmeklik hemişe nakgaşlaryň,
heýkeltaraşlaryň we amaly-haşam ussatlarynyň paýyna düşüpdir. Milli mirasymyzy, şekillendiriş sungatynyň görnüşlerini
öwrenmekde, gorap saklamakda we geljekki nesillere ýetirmekde dürli ugurlara
niýetlenen muzeýler uly ähmiýete eýedir.



2005-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň
häzirki zaman kaşaň binasy sungat janköýerlerine öz gapylaryny giňden açdy.
Täze muzeý gysga wagtyň içinde ýurdumyzda we daşary ýurtlarda meşhurlyk
gazandy.



Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty
muzeýi özüniň taryhy gorunyň baýlygy bilen milli sungatymyzyň özenini düzýär.
Muzeýimizde alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýygy-ýygydan halypa suratkeşleriň
ömri we döredijiligi ylmy taýdan öwrenilýär. Muzeý hünärmenleri halypalaryň
döredijiligini öz ylmy maglumatlarynda içgin açyp görkezýärler. Şeýle hem
muzeýde ýygy-ýygydan halypalaryň şanly senelerine bagyşlanyp şahsy sergileri
yzygiderli guralýar. Olardan Yzzat Gylyjow, Çary Amangeldiýew, Şamuhammet Akmuhammedow,
Stanislaw Babikow, Gennadiý Babikow, Kakajan Oraznepesow, Durdy Baýramow, Gulnazar
Begmyradow  ýaly görnükli suratkeşleriň
döredijilik sergilerini mysal getirmek bolar.



Türkmen halkynyň özboluşly medeni
mirasyny aýawly saklamak we dünýä ýaýmak meselelerine aýratyn üns berýän
hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ruhy we medeni
mirasymyzy ylmy esasda öwrenmek boýunça köpugurly işler ýaýbaňlandyrylýar.
Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman
bolsun! Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde zähmet çekýän ähli
kärdeşlerimizi 20 ýyllyk şanly toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys!



 

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244