Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý sungat eserleriniň ýygyndysy muzeýiniň direktory bilen duşuşyk geçirildi
Mälim bolşy ýaly, Hytaý Halk Respublikasynyň
Şanhaý sungat eserleriniň ýygyndysy muzeýiniň direktory jenap Hu Musziniň
ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary dowam edýär. «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 20-nji fewralynda bu wekiliýet saparynyň
çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine myhmançylyga geldiler.
Myhmanlar ilki bilen muzeýe aýlanyp türkmen sungat eserlerini synladylar.
Muzeýiň gaznahanasynda eserleriň çeperçilik taýdan rejeleýiş işleriniň
geçirilişi bilen tanyşdylar. Soňra Jenap Hu Musziniň ýolbaşçylygyndaky
wekiliýet bilen Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ýolbaşçysynyň arasynda muzeý
işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň
dowamynda muzeý işiniň özara gyzyklanma bildirýän wajyp meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy. Olardan Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý sungat eserleriniň
ýygyndysy muzeýi bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilelikde
türkmen şekillendiriş sungatynynyň taryhyny hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň
medeniýetini açyp görkezýän sergileri yzygiderli geçirmegi maksat edilýär. Maslahatyň ahyrynda Hytaý Halk
Respublikasynda yzygiderli geçirilýän Halkara (Şanhaý) Maddy däl Medeni Mirasy
Goramak forumynyna gatnaşmagyna çagyrdy.