«Milli gymmatlyklarymyz – halkyň buýsanjy» atly tegelek stol söhbetdeşligi

Ata-babalarymyz
tarapyndan sünnälenip ýerine ýetirilen taryhy we medeni gymmatlyklarymyz ylmy
taýdan öwrenilýär. Türkmen halky asyrlar boýy öz gadymy taryhyny, medeni we
milli gymmatlyklaryny, urp-adatlaryny aýap saklap, olaryň durmuşdaky tutýan
ornuny, ähmiýetini kesgitläp gelipdirler. Ýurdumyzyň dünýä derejesinde gurlan
ajaýyp muzeýlerinde jemlenip ýygnalan, aýawly saklanýan, ylmy taýdan öwrenilýän
hem-de halka ýetirilýän muzeý gymmatlyklary munuň janly şaýadydyr.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak» ýylynyň fewral aýynyň 24-ne
«Milli gymmatlyklarymyz
– halkyň buýsanjy» atly tegelek stol söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşlik
«Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, muzeýiň hünärmenleri Güljeren
Guljaýewa, Aýjemal Gatyýewa dagylar gatnaşdylar. Ýazgyda muzeý gymmatlyklary
dogrusynda söhbetdeşlik geçirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244