Gözellik bäsleşiginiň çäklerinde sergi
Ýylyň-ýylyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda
Halkara zenanlar güni mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny,
ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň
milli däp-dessurlaryny bilişini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini,
edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda «Talyp gözeli» atly gözellik bäsleşigi yglan
edilýär. Häzirki wagtda «Talyp gözeli — 2025» atly gözellik bäsleşiginiň institut
tapgyry geçirilýär. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda
geçirilen bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi göçme sergi gurady. Sergide
Türkmenistanyň ussat suratkeşleriň sungat eserleri sergilendi.