«Halypalaryň ussatlyk mekdebi» gepleşigi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda täze
döredilmegi meýilleşdirilýän telegepleşik «Halypalaryň ussatlyk mekdebi» diýlip
atlandyrylmagy hem-de onda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hereket
edýän bölümleri barada aýratyn aýdylyp, her bir bölüm barada umumy düşünje
berildi. Bu telegepleşigiň ilkinji sanynda esasan biziň muzeýimiziň üçünji
bölümi bolan «Türkmen şekillendiriş sungatynyň ilkinji ussatlary» atly bölüm
barada, ýurdumyzda dörän ilkinji Gündogaryň zarpçy sungat mekdebi we onuň
wekilleri bolan Beglýarowyň döreden eserleri barada aýratyn durlup geçildi.
Şeýle hem türkmen şekillendiriş sungatynyň ilkinji ussady, ilkinji türkmen
suratkeşi Bäşim Nuraly barada doly maglumat berilýär. Gepleşigikde ilkinji
ussatlar I.Çerinko, Ýe.Adamowa, I.Poýda we M.Daneşwar ýaly suratkeşleriň ömri
we döredijili, 40-njy ýyllarda ussatlaryň beýan eden eserleriniň gurluş we
tematiki aýratynlygy barada telegepleşikde gürrüň berilýär. Telegepleşigi muzeýiň
bölüm müdiri S.Sähetgylyjow alyp bardy, muzeýiň baş gaznalary goraýjysy
M.Atdaýewa hem-de ylmy işgäri G.Guljaýewa dagylar çykyş etdiler.



 

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244