Talyplar muzeýimize gezelençde

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet
syýasaty netijesinde ýaşlary ýagty ertirlere ruhlandyrýan, olaryň nurana
geljegini berkarar etmäge gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Döwletimizde ylmy, bilimi dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde ösdürmegi,
halkymyzyň gadymy we orta asyrlar döwürleriniň örän baý medeni mirasyny çuňňur
öwrenmegi, gorap saklamagy, dikeltmegi, wagyz etmegi döwlet derejesindäki
möhüm, wajyp wezipeleriň biri bolup durýar.



Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň talyp ýaşlary gezelenç etdiler. Olar halypa suratkeşleriň ajyp
sungat eserleri, amaly-haşam sungatlary, muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan
tanyşdylar. Talyplar ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, giň
dünýägaraýyşly, maksada okgunly bolup ýetişmekleri ugrunda giň mümkinçilikleri
döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly
Prezidentimize alkyşly sözlerini beýan etdiler.



 

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244