«Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly sergi

         Gözel ülkämiziň şatlyk-şowhuna
beslenip gelen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda türkmen halkynyň
milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, ata kesbini mynasyp dowam edýän Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda täzeden dogýan güneşli günlerimiz
toý-baýramlara beslenýär. Garaşsyzlygy baýdak edinip, hemişelik Bitaraplyk
derejesine eýe bolan eziz Watanymyzda ene arzuwlary wysal tapýar. Ene arzuwy,
elbetde, parahatçylyk, agzybirlik, birek-birege ynanyşmak hem hormat-sarpadan
başlanýar.   



         Bahar paslynyň ajaýyp
baýramçylyklaryndan biri bolan assa ýörüşli, uz basyşly zenanlarymyzy
mertebeläp  her ýylyň bahar paslynyň
ilkinji günlerinde bellenilip geçilýän «Halkara Zenanlar güni» mynasybetli  Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde
«Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly sergi guraldy. Sergidäki şekillendiriş
sungatynyň naýbaşylary amaly-haşam sungatynyň üsti bilen türkmen zenanynyň
göwnüne zynat, ýüregine ganat berýän mähir-muhabbetiň nusgalyk keşbini  beýan edýär. Zenanlardan ylham alyp döredilen
sungat eserleri halkymyzyň öçmejek taryhynyň gymmatlyklarydyr.                                                                                                                                                       

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244