Bäsleşigiň jemi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda mährem enelerimiziň,
gelin-gyzlarymyzyň sarpasy belentden tutulyp, Halkara zenanlar güni mynasybetli
çäreler giňden bellenip geçilýär. Bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli yglan
edilen «Parahat ýurdumyň reňklere siňen gözelligi» atly bäsleşik ýaş
suratkeşleriň çeper döredijilige bolan höwesini artdyrmak, mährem zenanlarymyzyň abraý-mertebesini çeper
eserleriniň üsti bilen beýan edýän ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bäsleşigiň jemi
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirildi. Bäsleşige gatnaşan okuwçylara
Hormat haty hem-de sowgat gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan ýaş nesiller döredilip
berilýän giň mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlar aýtdylar.