Baýramçylykda göçme sergi
Ýetip gelýän Halkara zenalar güni mynasybetliTürkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda baýramçylyk dabarasy
geçirildi. Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýi muzeý gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergisini
gurady. Sergide türkmen nakgaş sungaty eserlerinden O.Amangeldiýewanyň
«El iş», M.Kakabaýewiň
«Türkmen gyjaklary»,
«Türkmen
saz gurallary», J.Bekdurdyýewiň «Işden
gaýdyp gelmek» atly eserleri, türkmen heýkeltaraş sungaty eserlerinden
A.Şetininiň «Harmanda», A.Oramedowyň «Pikir», türkmen keramika sungaty eserlerinden A.Taganowyň «Dag görnüşi», «Suwdaky ýapraklar»,
G.Gurbanowanyň, «Ýüzi nagyşlar bilen bezelen ýalpak görnüşli tabak» atly
eserler baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.