«Türkmenistan dost-doganlyk mekany»

 

Bagtyýar ýaşaýşa guwanç, durmuş dowamata
buýsanç, dost-doganlyk gatnaşyklaryna bolan gyzgyn mähir ynsan kalbynda
müdimilik ornaşan duýgularyň ummanyndan syzylýar. Sungatyň wezipesi ýeke bir
gözelligi döretmek däl, eýsem, ony adamzat jemgyýetine ýaýratmak.  «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda
adamzat gymmatlyklarynyň esasynda sungat eserleriniň üsti bilen dost-doganlyk
gatnaşyklaryny birleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty
muzeýinde «Türkmenistan dost-doganlyk mekany» atly halkara sergisi we doganlyk
ülkeleriň suratkeşleriniň onlaýn duşuşygy guraldy. Sergide halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik,
ynsanperwerlik, myhmansöýerlik däpleri açyp görkezýän ajaýyp sungat eserleri
sergilendi.
Olaryň arasynda Günbatar Ýewropa şekillendiriş sungatynyň iň
naýbaşy eserleri bilen birlikde Türkmenistanyň halk suratkeşleriniň dünýä
ýurtlaryny wasp edýän eserleri hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynda bilim alýan talyplarynyň ýerine ýetirmeginde parahat, asuda Diýarymyzy
beýan edýän sungat eserleri ýerleşdirildi. Sungat eserleriniň her biri öz
döwrüniň, taryhynyň bir parçasy bolup, geçmişi beýan edýän sahna ýaly tomaşaçylara
açyp görkezýär. Olaryň her birinde ussat suratkeşiň jemgyýete bolan gözýetimi,
dünýä ýüzüniň parahatçylygy, il-günüň mähir muhabbeti, dost-doganlyk köprüsiniň
yşygy döreýär.

Halkara
onlaýn duşuşygynda Azerbaýjanyň halk suratkeşi, professory Sakit Mammedow,
Özbegistanyň çeperçilik akademiýasynyň başlygy, Özbegistanyň halk suratkeşi,
akademik Akmal Nuridinow, Özbegistanyň K.Begzad adyndaky milli çeperçilik we
dizaýn institutynyň mugallymy, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Sardor
Allabergenow, Gazagystanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Umirbek
Žubaniýazow, Gazagystanyň T.Žurgenow adyndaky Milli sungat akademiýasynyň
ýanyndaky kollejiň okuw işleri boýunça orunbasary Abdurahman Turgyn, Arabaýew
adyndaky GDU-niň professory, Gyrgyzystanyň halk suratkeşi Ýuristanbek Şygaýew,
Türkiýe Respublikasynyň Ýeditepe uniwersitetiniň Şekillendiriş sungaty
bölüminiň dekany Gülweli Kaýa, Türkiýe Respublikasynyň Ýeditepe uniwersitetiniň
professor mugallymy Teýmur Rzaýew, Şanhaý Sungat Kolleksiýasy Muzeýiniň
Prezidenti we Şanhaý Döredijilik Önümleri Ösdürmek Merkeziniň Prezidenti Hu
Muqing, Hytaýyň Milli sungat gaznasynyň bilermenler geňeşiniň agzasy, Uýgur
awtonom welayatynyň Uýgur Guizi gözleg institutynyň çakylyk boýunça gözlegçisi,
Aziýa sungat maliýe akademiýasynyň çakylyk boýunça professory, Hytaý Halk
Uniwersitetiniň Renessans gözleg institutynyň gözlegçisi hem-de Fudan
Uniwersitetiniň Milli medeni innowasiýa gözleg merkeziniň gözlegçisi Şiao Gu,
Russiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Bileleşiginiň medeniýet boýunça maslahatçysy, «Suratkeşiň
gözi bilen» art-toparyň esaslandyryjysy Darýa Karaçewa, Russiýa Federasiýasynyň
Suratkeşler birleşiginiň agzasy Irina Rudenko, Eýran Yslam Respublikasynyň
Mazendaran şäheriniň miniatýura we altyn çaýyp bezemek boýunça suratkeşi,
Miniatýura we altyn çaýyp bezemek sungatyny öwrediş hususy galereýanyň
mugallymy Haşemi Seýede Sähär dagylar gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. 







Pederlerimiziň paýhasy bilen döredilen
özboluşly dessurlara ygrarlylygyň binýady bolan parahatçylygyň we ynanyşmagyň
durnukly ösüşleri bilen dünýäde ykrar edilýän türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun!

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244