Güneşli ülkäme bahar gelipdir
Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan,
parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini,
umumadamzat ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramlaryň biri hem gadymy Nowruz
baýramydyr. Nowruz —
Ýeriň süňňüniň öňkülere görä ýylan döwri. Nowruz — ene Zeminiň ýüzüniň tämizlenip,
dal-daragtlaryň gül getirip, şineleýän, ýaprak çykarýan, miwe getirýän
döwrüdir. Nowruzyň gelmegi bilen, diňe bir Zemin ýüzüne däl, eýsem, ynsanlaryň
kalplaryna-da ýylylyk aralaşýar. Daýhanyň ýere atan tohumynyň nemlenip,
şinelejekdigine bolan ynamy onuň haýyr işi jäht tutup, basym işe girişmegine
itergi berýär.
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň
sanawyna girizilen Halkara Nowruz
baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak
gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Şeýle ajaýyp
dabaralara beslenip bellenilýän Nowruz baýramçylygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Milli bahar baýramy mynasybetli «Güneşli ülkäme
bahar gelipdir» atly sungat eserleriniň sergisi guraldy. Onda türkmeniň şekillendiriş sungatynyň
ussat halypalary bolan Türkmenistanyň halk suratkeşleri Annadurdy Almämmedowyň «Bahar
pasly», Ýewgeniýa Adamowanyň «Irisler», Ýarly Baýramowyň «Köpetdagyň eteginde»
ýaly türkmen tebigatynyň baharyny wasp edýän eserleri, ussat suratkeşlerden
Tamara Kiselýowanyň «Milletiň gülleýşi», Merdan Kakabaýewiň «Gözellik»,
Ogulnäzik Ummadowanyň «Güller» atly nakgaş eserleri hem-de ussat
heýkeltaraşlaryň ýerine ýetirmeginde amaly-haşam sungatynyň miweleri bolan
keramika eserleri sergilendi. Sergidäki şekillendiriş
sungatynyň naýbaşy eserleri milli ýörelgeleriň we özboluşly bahar tebigatynyň bitewi sazlaşygyny açyp
görkezýär. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden nusgalyk däp-dessurlary bu
baýramçylyk sergisinde ýerleşdirilen sungat eserlerinde öz beýanyny tapdy.
Bizi
bagtyň eşretli zamanasynda ýaşadýan, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň döwrüň
ösen talabyna laýyk ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi üçin uly tagallalar edýän,
medeniýeti halkyň kalbyna deňeýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,
hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri
uzak, mertebeli menzilleri rowaçlyklara ýar bolsun!