Kamil Weliahmedowyň «Plener pasyllar» atly döredijilik sergisi
Parahatçylyk dörediji aýdyň
maksatlary, ynsanperwer syýasaty bilen dünýäde giňden tanalýan Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen röwşen geljege saryn öňe barýar.
Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösýän döwründe, şekillendiriş
sungatyna hem aýratyn üns berilýär. Şekillendiriş sungatynyň nakgaşlygy bolsa, döwrüň
talaplaryna laýyk şekilde türkmen ussat suratkeşleri tarapyndan elýetmez derejede
özgerýär.
Biziň
daş-töweregimizi gurşap alýan tebigatymyzyň gözelligini wasp edip, sungata
geçirmeklik ussat suratkeşlerimiziň paýyna düşýär. Her bir suratkeşiň özüniň
aýratyn bir özboluşly dünýäsi bar. Oňa düşünmek, onuň gözi bilen seretmek üçin
ussadyň döreden sungat eserlerini öwrenmek gerek.Türkmenistanyň
sungatda at gazanan işgäri, nakgaş Kamil Weliahmedow hem türkmen şekillendiriş
sungatyny özboluşly aýratyn dilde wasp edýän ussat suratkeş. Häzirki wagta çenli halypa suratkeş Turkiýe
Respublikasynda, Awstriýa döwletinde, Merkezi Aziýa döwletleri bolan Hytaý halk
Respublikasynda hem-de Aşgabat şäherinde özüniň şahsy sergisini gurnap gelýär.
Onuň ýerine ýetiren nakgaş eserleri Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Beýik
Britaniýanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Fransiýasynyň, Şwesiýanyň, Turkiýa
Respublikasynyň, Tatarystanyň hem-de Hytaý halk Respublakasynyň şahsy
kolleksiýalarynda görmek bolýar. Bu günki gün hem, biziň sungat ojagymyzda
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Kamil Weliahmedowyň «Plener
pasyllar» atly naýbaşy sungat eserlerinden döredijilik sergisi guraldy. Sergide
ussadyň ýerine ýetirmeginde 110-a golaý
tebigatyň hemişe täzelenýän poeziýasyna aralaşýan reňkleriň sazlaşygy
bilen öwüşgin berlen nakgaş eserleri ýerleşdirildi.
Sergidäki
sungat eserleriniň üsti bilen hemişeki gözüniň görýän zatlaryny täzeden
janlandyrmak üçin tebigatyň adaty adamlaryň gözüne görünmeýän has täsin, has
gyzykly taraplaryny özboluşly tilsimleri bilen öz eserlerine siňdirip halk
köpçüligine ýetirýär.
Türkmen şekillendiriş sungatynyň ussatlaryny sarpalamakda, olaryň
döreden ajaýyp sungat eserlerini gorap saklamakda, olary halk köpçüligine
hem-de ýaş nesillerimize ýetirmekde edýän taýsyz tagallalary üçin türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp
sagbolsunymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!