Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň Merkezleşdirilen Kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilelikde guramagynda «Bagt kanunym-Baky bagtym,Ýaşyl
Baýdak-täji tagtym» Baýdak-täji tagtym» ady bilen wagyz nesihat çäresi geçirildi. Onda çykyş edenler: Merkezleşdirilen Kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň Kiçi bölümçe müdiri Bägül Akmämmedowa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ylmy işleri boýunça orunbasary Şirin Rüstemowa, Merkezleşdirilen Kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň 2-nji derejeli kitaphanaçysy Merjen Meredowa we Merkezleşdirilen Kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy Aýjemal Atajykowa. Çykyş edenler Garaşsyz ýurduň öz Döwlet nyşany bolan mukaddes baýdak barada beýan etdiler.Döwlet baýdagymyz ýurdumyzyň berkararlygynyň baky kepilidir, her birimiz üçin mukaddes hem-de ezizdir. Baýdak – bu biziň döwletliligimizdir, berkararlygymyzdyr we bagtyýarlygymyzdyr. Halkymyzyň geçmişini, şu gününi, geljegini özünde jemleýän mukaddes ýaşyl Tugumyz türkmeniň kalby bolup, dünýä ýüzüne nur saçýar.