Gadymy sungata bagyşlandy
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýetip gelýän Türkmen
halysynyň baýramy hem-de Aşgabat
şäheriniň güni mynasybetli söhbetdeşlik guraldy. Söhbetdeşligi “Miras” teleýaýlymynyň
alyp baryjysy Merdan Mädalyýew alyp bardy. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň milli
mirasy bolan haly sungatyna, eli hünärli halyçylara aýratyn hormatyň nyşany
hökmünde milli senanamamyzda möhüm orun eýeleýän türkmen halysynyň baýramçylygy
irginsiz zähmetleri bilen gaýtalanmajak gözellik döredýän zehinli zenanlaryň
şanyna guralýar. Medeni mirasymyzyň iň ajaýyp sungat eseri hökmünde barha kämilleşdirilýän
türkmen halysynyň nepisligi, gözelligi barada muzeýiň esasy hünärmeni Aýjemal Gatyýewa giňişleýin gürrüň
berdi. Türkmen gelin-gyzlarynyň uz barmaklarynyň gudratyndan döreýän
haly önümleriniň halkymyzyň durmuşyny bezeýändigini belledi. Görenleriň
ünsüni özüne çekýän halylaryň nusgawy nagyşlary, ýüňden we ýüpekden dokalýan
halylar, gözel tebigatymyz, ahalteke bedewleri we dürli şekiller janlandyrylan
halylar hakynda rowaýata öwrülen gürrüňleri has-da täsirli boldy.