«Oguzlaň kelamy, türkmen halysy»
Türkmen halkynyň haly sungaty öz gözbaşyny gadymy eýýamlardan alyp gaýdyp,
halkyň taryhy, medeni mirasy, milli däp-dessurlary bilen berk baglanşyklydyr. Gadymy
ýazuw çeşmelerinde bellenmegine görä türkmen taýpalary heniz etniki topar
hökmünde kemala gelmezlerinden ozal dürli haly önümlerini, haly, keçe, kilim,
palas ýaly önümlerini dokamak bilen giňden meşgullanypdyrlar. Haly sungatynyň
gadymylygyna garamazdan onuň nepis sungatyna häzirki döwürde has hem uly sungat
hökmünde garalýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen
halysynyň Milli baýramyna bagyşlanyp “Oguzlaň kelamy, türkmen halysy” ady bilen
baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasy “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, biziň sungat ojagymyzdan Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ylmy-barlag bölüminiň Uly ylmy işgäri Güljeren Guljaýewa, Türkmenistanyň
Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bölüm müdiri Maýsa Çaryýewa,
Annagül Şiriýewa, hem-de Gülaýym Saparmedowa çykyş etdiler. Baýramçylyk dabarasynyň
çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan “Haly – türkmeniň kalby” ady bilen
giňişleýin kitap sergisi guraldy.